Sepleriň elýeterliligi

Owgan polisiýasy özüniň sekiz kärdeşini öldürdi


Owganystanyň polisiýa işgärleri.

Owganystanyň polisiýa işgärleri.

Owganystanyň resmileri ýurduň günortasyndaky Zabul welaýatynda bir polisiýa işgäriniň özüniň sekiz kärdeşini atyp öldürendigini aýdýarlar.

Zabul welaýat polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Gulam Jalani Farahiniň aýtmagyna görä, bu waka agzalýan welaýatyň paýtagty Kalat şäherindäki barlag-gözegçilik nokadynda ýüze çykypdyr.

Farahiniň berýän maglumatyna görä, bu wakany amala aşyran polisiýa işgäri ýaraglary, ok-däri serişdelerini we ulagy alyp, wakanyň bolan ýerinden gaçyp gidipdir.

“Talyban” hereketi bu wakanyň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, polisiýa işgäriniň “häzir öz ýanlaryndadygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG