Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistan: Bäş ymam ekstremizmde aýyplanýar


"Yslam döwleti" atly toparyň agzasy.

"Yslam döwleti" atly toparyň agzasy.

Täjigistanyň häkimiýetleri ýurduň metjitleriniň bäş ymamyny ekstremist pikirleri öňe sürmekde we ýaşlary yslamçy söweşiji topara goşulmaga hakyna tutmakda aýyplap, tussag etdiler.

Täjigistanyň Konibodom sebitiniň Dini işler boýunça departamentiniň başlygy Hasan Boboşukurowyň 19-njy maýda beren maglumatyna görä, ymamlaryň dördüsi geçen hepde tussag edilýänçä, ýurduň demirgazygyndaky oba metjitleriniň ybadatlaryna ýolbaşçylyk edýärdi.

Täjigistanyň hukuk goraýjy organynyň ýerli resmisi adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatynda “bu toparyň daşary ýurtlardaky uruşa gatnaşmagy üçin ýaşlary hakyna tutmakda işjeň hereket edendigini” aýtdy.

Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda Sugd welaýatynyň Konibodom we beýleki etraplarynda 15 musulman ymamy tussag edildi.

XS
SM
MD
LG