Sepleriň elýeterliligi

Putiniň milli gwardiýasy goldaw tapýar


Prezident Putin Orsýetiň milli gwardiýasyna öz janpenalarynyň ozalky ýolbşçysy Wiktor Zolotowy başlyk bellejegini aýtdy.

Prezident Putin Orsýetiň milli gwardiýasyna öz janpenalarynyň ozalky ýolbşçysy Wiktor Zolotowy başlyk bellejegini aýtdy.

Orsýetiň deputatlary milli gwardiýa döretmek ideýasyna deslapky tassyklamany berdiler, olaryň käbiri Kremliň mümkin bolan gozgalaňlara garşy bir gural hökmünde täze güýje mätäçdigini aýtdy.

Döwlet dumasy ýa-da parlamentiň aşaky öýi 18-nji maýda bu kanun taslamasyna ilkinji okaýyşda goldaw bildirdi we oňa diňe kommunistler garşy çykdy.

Prezident Wladimir Putin Orsýetiň milli gwardiýa (Rosgard) döredýändigini geçen aý yglan etdi we oňa başlyk edip öz janpenalarynyň ozalky ýolbşçysy Wiktor Zolotowy goýjakdygyny aýtdy.

Putin bu goşunyň ekstremizme we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşjekdigini aýtdy, emma synçylaryň käbiri munuň Kremliň ykdysady çökgünlik mahalynda mümkin bolan anti-hökümet protestlerinden gorkusyny görkezýändigini aýdýar.

Kommunist Wýaçeslaw Tetekin milli gwardiýa baradaky çekişme wagtynda bu çärä öz partiýasynyň uzaga çekjek ykdysady çökgünlik bilen aradaky baglanyşyk hökmünde garaýandygyny aýtdy.

"Milli gwardiýanyň döredilmegi ýurtdaky sosial we ykdysady ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy bilen bagly» diýip, ol aýtdy.

Döwlet dumasynyň ses berişliginde bu kanun taslamasyna 345 deputat goldaw bildirse, 14-si garşy boldy. Kommunistler fraksiýasynyň köp bölegi bu ses berişlige gatnaşmady.

Orsýetiň ykdysadyýeti geçen ýyl, nebit bahalarynyň aşak gaçmagy we Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Moskwa garşy girizilen günbatar sanksiýalary zerarly çuň we dowamly çökgünlige düşdi.

Putiniň jemgyýetçilik goldawy ýokary bolmagynda galdy, emma ekspertleriň pikirlerine görä, ykdysady krizis jemgyýetiň barha giň gatlagyna täsir ýetirdigiçe, bu ýagdaýyň üýtgemegi mümkin.

Ykdysadyýetiň az-owlak aýňalyş alamatlaryny görkezýändigine garamazdan, Kremlsentýabrda geçmeli parlament saýlawlaryndan we 2018-nji ýyldaky prezident saýlawlaryndan öň syýasy ýagdaýlary berk gözegçilikde saklamak isleýär.

"Milli gwardiýa döretmek, belki-de, golaýlap gelýän saýlaw bilen baglydyr» diýip, Tetekin aýtdy.

2011-nji ýylda bolan parlament saýlawlarynda Kremliň peýdasyna galplyk edilendigi baradaky habarlar Moskwada Putiniň dolandyryşyna garşy köpçülikleýin protestleriň möwjäp galmagyna getirdi. Soňky ýyl gaýtadan saýlanan Putin bu ýagdaýa oppozisiýany jylawlaýan repressiw kanun taslamalary bilen jogap berdi.

Milli gwardiýa nähili "işlär"?

Täze kanun taslamasy milli gwardiýany köpçülikleýin gozgalaňlary basyp ýatyrmakda ulanyljakarsenal, güň ediji granatlar, pitnä garşy ulaglar bilen üpjün eder.

Ýöne milli gwardiýanyň agzalary, ýaragly garşylyk görkezmedik ýagdaýlarynda, göwreli aýallara we çagalara garşy güýç ulanyp bilmezler.

Bu gwardiýanyň raýatlary tussag etmek, dokument barlamak, zerur bolanda, şol sanda pitne boljak ýerleriň daşyny baglamak ygtyýarlary bolar.

Gwardiýa agzalary güman edilýänleri üç sagatdan artyk tussaglykda saklap bilmez, şeýle-de olar tutulan adama öz hukuklaryny düşündirmeli bolar, oňa telefon etmek, görkezme bermekden ýüz öwürmek hukuklaryny berer.

Kanun köpçülikleýin habar serişdeleriniň milli gwardiýanyň esgerleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň ýerleşýän ýerleri barada maglumat bermegini gadagan edýär.

Olar adatdan daşary ýagdaý mahalynda ulaglaryň we pyýadalaryň gatnawyny gadagan edip, jaýlara girip, raýatlaryň ulaglaryny jenaýatçylary kowalamak üçin ulanyp bilerler. Şeýle-de olara bu ýagdaýda ýarag we güýç ulanmaga ygtyýar berilýär.

Rus metbugatynyň hasaplamalaryna görä, milli gwardiýanyň esgerleriniň sany, hem Içeri işler ministrliginden, hem pitnä garşy polisiýadan adam çekmek bilen,400 müňe çenli bolup biler,

Kanun taslamasynyň tankytçylary bu ýagdaý ýurduň polisiýa güýçlerini gowşadar we olaryň jenaýatçylyga garşy göreş ukybyny peselder diýýärler.

Aşa milletçileriň lideri Wladimir Žirinowskiý parlament çekişmesi mahalynda milli gwardiýanyň döredilmegi «islendik pitneçini, rewolýusionerleri we ekstremistleri» mugyra getirmek üçin örän wajyp diýdi.

"Eger Gorbaçew şeýle kanuny kabul eden bolsady, onda 1991 bolmazdy» diýip, ol Sowet Soýuzynyň dargamagyny nazarda tutup aýtdy.

Žirinowskiý Kremli täze goşuna «ýaş watançylary» toplamaga, olary jomartlyk bilen maliýeleşdirmäge, owadan geýindirmäge çagyrdy. «Şonda biz rewolýusiýa, gowga, gozgalaň ýaly sözleri eşitmeris» diýip, ol aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG