Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobatdaky türk premýer-ministri Binali Ýyldyrym kim?


Türkiýäniň Transport we kommunikasiýa ministri Binali Ýyldyrym.
Türkiýäniň Transport we kommunikasiýa ministri Binali Ýyldyrym.

Türkiýäniň häkimiýet başyndaky "Adalat we Galkynyş" partiýasy 19-njy maýda ýurduň Transport we kommunikasiýa ministri Binali Ýyldyrymy partiýanyň ýolbaşçylygyna kandidat saýlady. Türkiýede, däp boýunça, parlamentde köplük orna eýe syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary premýer-ministrlige hem saýlanyp, hökümete baştutanlyk edýärler. Ýyldyrym bu orunda maý aýynyň başlarynda hem partiýanyň başlygy hem-de premýer-ministrlik wezipesinden yza çekilen Ahmet Dawutoglunyň ýerine iş başyna geçer.

Ýyldyrym gämi senagaty we deňiz tehnologiýasy boýunça bilimli spesialist. Ol bu ugurda skandinaw ýurtlarynda köp tejribe toplan adam.

Ol soňra Stambulyň deňiz transporty sektoryna geçip, bu aşa uly şäheriň deňiz ýollaryny gowulandyrmak bilen at gazady.

Ýyldyrym geçen 22 ýyllykda prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň Stambulyň şäher häkimi bolup işlän döwründen bäri onuň "ýakyn dosty" hasaplanýar. Ol şeýle hem 2001-nji ýylda Erdogan tarapyndan düýbi tutulan "Adalat we Galkynyş" partiýasyny guranlaryň biri.

"Dildüwşük"

2002-nji ýylda bu partiýa sesleriň aglaba köplügini alyp, häkimiýet başyna geleninden soň transport ministri edip bellenen Ýyldyrym on-oniki sany uly transport proýektlerine, şol sanda Bosforyň täze köprüsiniň gurluşygyna-da ýolbaşçylyk etdi. 2004-nji ýylda bolan bir pajygaly otly hadysasy oppozisiýanyň Ýyldyrymyň wezipe başyndan çekilmegine çagyrmagyna sebäp boldy.

2013-nji ýylda "Adalat we Galkynyş" partiýasynyň ýolbaşçylarynyň we olaryň garyndaşlarynyň garşysyna gaçgak prokurorlar tarapyndan gozgalan parahorlyk skandalynda Ýyldyrym bilen onuň bajasynyň-da ady agzaldy.

Bu uly skandaldan aman galan hökümet gaçgak prokurorlaryň özüni tutduryp, bu işiň kanun taýdan yzarlanmagynyň öňüni aldy. Erdogan bilen "Adalat we Galkynyş" partiýasy bu skandaly häzir Birleşen Ştatlarda sürgünlikde ýaşaýan ruhany Fethullah Güleniň ýolbaşçygyndaky "parallel döwlet" tarapyndan gurnalan "dildüwşük" diýip atlandyrdylar.

Oppozision sosial demokratlaryň başlygy Kemal Kylyçdaroglu Ýyldyrymy "millionlarça dollarlyk adam" diýip atlandyryp, 2014-nji ýylda ony hökümet tenderlerinden "Adalat we Galkynyş" partiýasy üçin sadaka toplanlykda aýyplady.

Prezidial sistemada ikinji premýer-ministr

Kylyçdaroglunyň aýtmagyna görä, ol bir telekanaly we oňa degişli beýleki neşirleri satyp, 630 million dollar pul toplapdyr. Prokurorlar soňra bu puluň bikanun toplanandygyny aýtdylar. Aýdylyşyna görä, Ýyldyrymyň bikanun toplan 630 million dollary bilen häkimiýet başyndaky partiýanyň we onuň lideriniň proýektleri maliýeleşdirilmeli edilipdir.

Erdogan bilen onuň hökümeti bu aýdylýanlary ret etdiler.

Ýyldyrym Türkiýede 2012-nji ýylda girizilen "iş ýüzündäki" prezidial sistemada ikinji premýer-ministr bolar. Geçen birnäçe ýyldan bäri Erdogan premýer-ministrlik wezipesi aýrylyp, prezidente has köp ygtyýarlylyk berýän "ýerine ýetiriji prezidial" sistemadan tarapdarlyk edip gelýär.

Bu sistema geçiljek bolsa, onda oňa milli referendumda sesleriň üçden iki bölegi gerek. "Adalat we Galkynyş" partiýasy saýlawlarda 50 prosent töweregi halkyň goldawyny gazandy. Ýöne bu hökümet sistemasy üçin konstitusiýany üýtgedere ýeterlik däl. Bu plan köpçülikleýin oňlanmansoň, Erdogan "iş ýüzünde prezidial sistemany" girizdi. Munda hökümetiň ähli möhüm işlerinde karar berýän onuň özi, premýer-ministr hem prezidentiň kararlaryny ýerine ýetirýär.

Şeýlelikde, wezipe başyndan çekilen Dawutoglu ýaly Ýyldyrymyň-da türk hökümetinde oýnan uly roly bolman, möhüm meselelerde karar berýän we Türkiýede hökümetiň jogapkärçiligini çekýän ýene Erdogan bolar.

XS
SM
MD
LG