Sepleriň elýeterliligi

logo-print

San-Fransisko otellerinde bolýanlar diňe myhmanlar däl


San-Fransisko otellerinde bolýanlar diňe myhmanlar däl.

San-Fransisko otellerinde bolýanlar diňe myhmanlar däl.

San-Fransiskoda käbir oteller otaglarynda myhman, üçeklerinde bolsa ary saklaýarlar. Elbetde, arylar – bal arysy.

Şäheriň 7 oteli, bütin dünýäde ary maşgalalarynyň üstüne abanýan howplary göz öňünde tutup, öz üçeklerinde arylara orun berýärler. Häzirki döwürde şol oteller myhmanlardan daşgary arylary idetmek bilen hem meşgullanýarlar.

Bu agzalýan myhmanhanalaryň galyndylardyr-hapalaryň saýhallanmagy programmasyna gatnaşyp başlanyndan soň daşky gurşawy goramakda äden nobatdaky möhüm ädimi diýse bolar. Ýöne bu ädim diňe bir arylaryň nesliniň ýitmeginiň öňüni almagy maksat edinmeýär. Şol bir wagtda bu myhmanhanalaryň bala bolan islegini hem doly üpjün etmäge gönükdirilen.

”Faýrmont oteliniň” geňeşçisi Melissa Farrar oteliň üçeginde döredilen ýörite baga dört sany ary gutusynyň ýerleşdirilendigini aýan edýär. Ol gutularyň her birinde takmynan 250 müň ary bar. Olar hem bir ýylda 500 kilograma golaý bal ýygnaýarlar.

Ertirlikde, saglygy bejerişde, piwoda...

Myhmanhanada baldan diňe ertirlik iýlende peýdalanylman, eýse baldan dürli kokteller we salatlar taýýarlananda-da, saglygy bejerişde we gözellik hyzmatlarynda hem giňişleýin peýdalanylýar. ”Fairmontda” baldan hatda piwo ýasalan mahaly hem peýdalanylýar. "W" atly otelde bolsa myhmanlara bally buzgaýmak hödürlenýär.

Otellerde ary hojalygynyň döredilmegi täzelik däl. Ilkinji gezek 2008-nji ýylda "Fairmont hotel" atly myhmanhanalar toplumy, ary maşgalalarynyň ýok bolmagyna getirýän "CCD" sindromyna garşy göreşmek maksady bilen, Toronto we Wankuwer şäherlerindäki otellerinde ýörite ary hojalyklaryny döretmäge başlapdyr. Ondan soň häzirki wagtda ”Fairmontyň” Hytaýdan Afrika çenli bar bolan myhmanhanalarynyň arasynda ary hojalyklarynyň ýaýrawy giňemek bilen boldy.

"Clift Hotel" atly myhmanhananyň üçeginde goýlan 10 sany ary gutusynda hem edil häzir gaty gyzgalaňly iş dowam edýär. Myhmanlaryň aglaba köpçüligi üçekdäki ary hojalygyndan bihabaram bolsa, gündelik naharlarda olaryň çekýän zähmetiniň miwesinden peýdalanýarlar. Hoteliň baş müdiri Michael Pace geçen ýyl 35 kilogramdan köpräk bal alnandygyny, bu ýyl bolsa has köp bal alynjakdygyny gürrüň berýär.

Pace "Ary hoteli" ideýasy bilen geçen ýyl San-Fransiskodaky myhmanhanalar geňeşiniň durnuklylyk komitetine ýolbaşçy saýlanmagyndan soň gyzyklanmaga başlaýar. Ol birnäçe ýerli myhmanhananyň üçeginde ary hojalyklarynyň döredilmegine ýörite öňbaşçylyk etdi. Häzirki wagtda şäherde 7 sany myhmanhana ary hojalygyny saklaýar we bal öndürýär.

Ony her gün ary çakýar

Şol 7 myhmanhananyň alty sanysyndaky ary hojalygyna owal olaryň birinde garson bolup işlän Roger Garrison seredýär. Ol, edil adamlara hyzmat edişi ýaly, arylara hem hyzmat etmegiňem özüne hoş ýakýandygyny aýdýar. Garrison özüni her gün ary çakýandygyny hem aýdýar. Onuň özi muny gündelik witamin ýaly kabul edýär.

Garrisonyň aýtmagyna görä, arylaryň dogabitdi GPS ulgamy bar. Şonuň üçinem olar jaýyň 32-nji gatyndan 2 mil uzaga uçsalar hem, soň azaşman, arkaýyn öz bolýan jaýyna dolanyp gelýärler. "San-Fransiskoda gaty köp bag bar. Ýöne biz olary görüp bilemzok. Arylar bolsa olary gaty aňsatlyk bilen tapýarlar" diýip, Garrison sözüniň üstüni ýetirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG