Sepleriň elýeterliligi

BADA Soçi derňewlerine ýolbaşçy belledi


Bütindünýä Anti-doping agentligi (BADA) orsýetli sportsmenleriň arasynda galplygyň üstüni açmaga ýardam beren kanadaly aklawçyny, 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky olimpiýa oýunlarynda döwletiň goldamagynda doping wakalarynyň bolandygy baradaky öňe sürmeleri derňeýän topara ýolbaşçy edip belledi.

Bütindünýä Anti-doping agentliginiň prezidenti Kreýg Redi (Craig Reedie) 19-njy maýda çykyş edip, Riçard MakLaren (Richard McLaren) “New York Times” we “CBS” neşirleriniň Soçi oýunlary barada çap eden doping maglumatlaryny derňär diýdi.

MakLaren, geçen ýyl orsýetli ýeňil atletikaçylaryň arasynda giň göwrümli doping wakalarynyň üstüni açan Bütindünýä Anti-doping agentliginiň üç agzaly komissiýasynyň düzümindedi.

XS
SM
MD
LG