Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň ýitirim bolan uçaryny gözlemek işleri dowam edýär


"Egyptair" howaýollary kompaniýasyna degişli uçar.
"Egyptair" howaýollary kompaniýasyna degişli uçar.

Müsüriň howaýollary kompaniýasynyň ýitirim bolan uçarynyň galyndylaryny tapmak ugrunda gözleg işleri güýçli depginde alnyp barylýar. “EgyptAir” howaýollary kompaniýasyna degişli 66 ýolagçyly uçar 19-njy maýda Ortaýer deňziniň ýokarsynda mahaly, radar-gözegçilik sistemasyndan ýitirim bolupdy.

Müsür munuň terrorçylykly hüjüm bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar.

Ilkibada berlen maglumatlarda, Gresiýanyň häkimiýetleri suwuň ýüzünde “gaýyp ýören materiallaryň” we halas ediş penjekleriniň tapylandygyny aýtdylar. Müsüriň milli howaýollary gullugynyň wise-prezidenti hem “CNN” neşirine beren maglumatynda uçaryň galyndylarynyň tapylandygyny mälim etdi.

Emma soňra, 19-njy maýda giçlik “EgyptAir” kompaniýasynyň wise-prezidenti Ahmed Adel “CNN” neşirine uçaryň galyndylarynyň tapylmandygyny aýtdy.

“Biziň uçaryň galyndylary diýip kesgitlän jisimimiz, uçaryň bir bölegi bolmany üçin gözleg we halas ediş işleri heniz hem dowam edýär” diýip, Adel belledi.

XS
SM
MD
LG