Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Alty şübheli söweşiji öldürildi


Pakistanda "Al-Kaýda" we "Laşkar-e-Jangwi" atly toparlaryň agzalary.

Pakistanda "Al-Kaýda" we "Laşkar-e-Jangwi" atly toparlaryň agzalary.

Pakistanyň polisiýa resmileri ýurduň Punjab welaýatyndaky uniwersitetde planlaşdyrylan hüjümiň öňýanynda, alty yslamçy söweşijiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Pakistanyň terrorçylyga garşy göreşýän polisiýa resmileriniň 20-nji maýda beren maglumatyna görä, söweşijileriň bir topary Multan şäheriniň golaýyndaky Dera Gazi Han etrabynda mahaly, olara polisiýa hüjüm edipdir.

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri 18-nji maýda hem Multan şäheriniň golaýyndaky Nawabpur obasynda söweşiji diýlip güman edilýän birnäçe adamy öldüripdiler.

Pakistanyň terrorçylyga garşy göreşýän polisiýa resmileri söweşijileriň käbirleriniň Pakistandaky “Al-Kaýda” atly ekstremist toparyň agzasydygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG