Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Tanymal aktiwiste 16 ýyl kesildi


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän tanymal aktiwist Narges Mohammadi we onuň çagalary.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän tanymal aktiwist Narges Mohammadi we onuň çagalary.

Eýranda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän tanymal aktiwist ölüm jezasynyň ýatyrylmagy baradaky kampaniýanyň agzasy bolmak ýaly aýyplamalarda günäli tapylyp, 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Mundan ozal, “Adam hukuklaryny goraýjylaryň merkezi” atly guramanyň başlygynyň orunbasary Narges Mohammadä alty ýyl kesilipdi. Oňa garşy çykarylan bu soňky agyr höküm, onuň häzirki tussaglyk möhletiniň üstüne goşmaça çykaryldy.

“Bu adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwisti türmede saklamak we beýleki hukuk goraýjy aktiwistleri gorkuzmak üçin edilýän çäre” diýip, Muhammadiniň adamysy Taghi Rahmani Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna beren maglumatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG