Sepleriň elýeterliligi

Adamlaryň Marsa uçjak wagty kesgitlendi


"ExoMars" atly kosmos gämisini Marsa uçurýan raketa. 2016-njy ýylyň 14-nji marty. Baýkonur kosmodromy.

"ExoMars" atly kosmos gämisini Marsa uçurýan raketa. 2016-njy ýylyň 14-nji marty. Baýkonur kosmodromy.

"2028-nji ýylda adamlar Marsyň orbitasynda bolar".

"Lockheed Martin Corporation" atly goranyş senagatyna degişli firmanyň başlygynyň orunbasary Wanda Sigur Waşingtonda geçirilen "Humans to Mars" ýygnagynda "2028-nji ýylda adamlar Marsyň orbitasynda bolar" diýdi.

Mundan owal NASA adamlaryň Marsa ilkinji gezek 2033-nji ýylda iberilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýan edipdi.

ABŞ-nyň "Mars maksatnamasy" adamlaryň Marsa ädim ätmegi planyny 2030-njy ýyllarda durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar. Ýöne, Marsyň adamlara açylmagyndan owal halkara kosmos stansiýasynda gerek bolan taýýarlyk işleriniň amala aşyrylmagy, Aýyň töwereginiň özleşdirilmegi we, galyberse-de, 2020-nji ýyllarda uzak kosmos giňişliklerine uçmak üçin zerur bolan tehnologiýalaryň taýýarlanmagy ýaly planlar durmuşa geçirilmelidir.

Marsyň adamlara açylmagy üçin ilki bilen Marsyň daş-töwereginde orbita uçuşlary durmuşa geçiriler. Ondan soň ol planetada bar bolan maddalaryň nusgalarynyň alnyp gelinmegi we ondan soň bolsa astronawtlaryň Marsa aýak basmagy göz öňünde tutulýar.

Uzak kosmos giňişligine uçmak üçin göz öňünde tutulýan Orion atly uçarmanly emeli hemrany taýýarlaýan "Lockheed Martin Corporation" atly goranyş senagatyna degişli firmanyň täze teklibine görä, Marsa orbita uçuşyny alty astronawtdan bolan bir topar amala aşyrar.

Ol astronawtlar "Mars düşelgesinde" (Mars Base Camp) ýaşarlar. Iki sany “Orion” emeli hemrasynyň esasynda taýýarlanan ol düşelge ýaşaýyş bölümi, laboratoriýa we gün batareýalaryndan ybarat bolar. Marsyň orbita stansiýasynda işleýän astronawtlar hem ol planetada işleýän robot tehnikasyny dolandyrarlar we Marsyň öwrenmek bilen meşgullanarlar.

“Orion” emeli hemrasynyň ilkinji uçarmansyz synag uçuşyny 2018-nji ýylda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Takmynan 2023-nji ýylda bolsa Aýyň orbitasyndan başga ýere ilkinji uçarmanly kosmos uçuşy durmuşa geçiriler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG