Sepleriň elýeterliligi

Rahmon ömürlik prezidentlige ymtylýarmy?


Emomali Rahmon

Emomali Rahmon

Merkezi Aziýa sebitinde, has dogrusy Täjigistanda ýene bir referendum geçirilýär. Sebitiň aýratynlyklary göz öňünde tutulanda, bu referendumyň netijesini häzirden çaklasa bolýar.

Agzalýan referendum, Täjigistanyň prezidenti Imamali Rahmona çäksiz möhlet boýunça prezidentlige dalaş etmäge kanuny mümkinçilik döredýär.

Şeýle-de, ses bermäge goýulýan maddalaryň arasynda prezidentlige dalaşgärleriň ýaş çäklendirmesi hem 35-den 30-a peseldilýär, bu diýmek prezident Rahmonyň 29 ýaşly ogly öňümizdäki ýyldan başlap prezidentlige dalaş edip biler.

Sebitdäki ýolbaşçylaryň referendum arkaly häkimiýetlerini güýçlendirmegi, region garaşsyzlygyna gowuşandan bäri dowam edýär, Türkmenistan olaryň ilkinjisi.

Soňy bilen şeýle tejribelerden Özbegistan we Gazagystan hem dürli maksatlar üçin peýdalandy. Emma täjik liderleri gysga wagtyň içinde türkmen egindeşleriniň yzyndan ýetip barýar.

20 ýyldan bäri häkimiýeti dolandyryp gelýän Rahmonyň bu referendumdan maksady näme? Bu ýagdaý ýurda, regiona nähili täsirini ýetirer?

“Mejlisiň” bu günki sanynda şu we beýleki temalaryň töwereginde aýlanylýar.

Mejlisiň myhmanlary:

Dr. Helene Thibault :- Täjigistan baradaky ençeme ylmy işleriň awtory, hemem Montreal Uniwersitetiniň Halkara barlaglar merkeziniň ylmy işgäri;

Tohir Safarov :- Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysy;

Bruce Pannier :- Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa barada habarlar çap edýän “Kişlog owazy” blogunyň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG