Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýykylan uçaryň 'tualeti tüsseläp başlapdyr'


Gözleg toparlary uçaryň gara gapyrjaklaryny tapmaga çalyşýarlar.

Gözleg toparlary uçaryň gara gapyrjaklaryny tapmaga çalyşýarlar.

Halas edijiler Müsür suwlaryndan «Müsür howaýollarynyň» 804-nji reýsiniň böleklerini, adam jesetleriniň galyndylaryny, ýolagçy goşlaryny we oturgyçlary topladylar, habarlarda uçar ýykylmazyndan öň onuň hajathanasynyň tüsseläp başlan bolmagynyň ahmaldygy aýdylýar.

Gözleg-agtaryş toparlary Aleksandriýanyň 180 mil çemesi demirgazygyndaky suwlardan uçaryň gara gapyrjaklaryny, ýagny uçarda bolan zatlaryň ýazgylaryny tapmaga çalyşýarlar. Eger-de gara gapyrjaklar tapylsa, olardaky ýazgylar 19-njy maýda birden ýitirim bolan uçara näme bolandygyny anyklamaga kömek eder öýdülýär.

Resmiler "Airbus A320" uçarynyň Parižden gaýdyşyn, gijäniň arassa asmanynda Kaire tarap uçup gelýärkä, birden saga, soňra çepe öwrülip, ters aýlanyp, deňze gaçandygyny aýdýarlar.

Uçardan hiç bir ynjalyksyzlyk yşaraty edilmändir. Onuň bortundaky 66 adamyň hemmesi ýogaldy.

Şu aradaCNN, “Wall Streýet Journal» we bir awiasiýa senagaty neşiri uçar aşak gaýtmazyndan öň onuň hajathanasynyň tüsselýändiginiň bilnen bolmagy mümkin diýen habary ýaýratdy.

Graždan awiasiýa senagaty baradaky maglumatlary çap edýän «The Aviation Herald» websaýtynyň ýazmagyna görä, uçaryň aragatnaşyk we habarlaşma sistemasy arkaly geçirilen habarda pilotyň oturýan ýeriniň golaýyndaky hajathanadan tüsse çykýandygy anyklanypdyr.

Bu habar sistemasy uçardan ýere tapgyrlaýyn messajlar görnüşinde maglumat ýollaýar.

Pariždäki Şal de Gol aeroportynyň, uçaryň asmana göterilen ýeriniň derňewçileri ýolagçylar sanawyny derňediler, şeýle-de uçar meýdanyndaky ekipaž agzalaryndan sorag etdiler.

Müsüriň premýer-ministri Şerif Ismail entek ol ýa-da beýleki sebäp barada anyk gürrüň ederden gaty irdigini aýtdy. Awiasiýa ministri, tehniki näsazlyga garanda, uçaryň terror hüjümi netijesinde ýykylan bolmagynyň has mümkindigini aýtdy, emma delil getirmedi.

Hiç bir jeňçi topar bu uçaryň ýykylmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne almady we bu ýagdaý resmileriň hadysany terror akty bilen baglanyşdyrmazlygyna kömek etdi.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, «Yslam döwleti» ekstremist toparynyň radikallary oktýabrda Orsýetiň Sinaý ýarymadasynyň ýokarsynda ýykylan rus uçarynyň jogapkärçiliginibirnäçe sagat içinde öz üstlerine alypdylar.

224 adamyň ölümine sebäp bolan uçar hadysasy Müsüriň syýahatçylyk pudagyna, 80 million ilatly ýurduň esasy gazanç çeşmeleriniň birineýykgynçylykly zarby urdy. Ýene şonuň ýaly bir hüjümiň gaýtalanmagy turizm senagatynyň dikelmegine edilýän umyt-arzuwlara urgy bolar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG