Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ýüzlerçe aktiwist tutuldy


Howpsuzlyk güýçleri ýüzlerçe žurnalisti, aktiwisti we demonstrasiýaçyny tussag etdi.
Howpsuzlyk güýçleri ýüzlerçe žurnalisti, aktiwisti we demonstrasiýaçyny tussag etdi.

Oppozisiýanyň ýurt boýunça Gazagystanyň üýtgedilen ýer kanuna garşy demonstrasiýa çagyrmagy bilen baglylykda, howpsuzlyk güýçleri gazak şäherlerinde ýüzlerçe žurnalisti, aktiwisti we demonstrasiýaçyny tussag etdi.

Paýtagt Astanada we Almaty, Karaganda, Uralsk, Çimkent, şeýle-de günbatardaky Atyrau şäherlerinde, hökümet basyp ýatyryşy astynda, onlarça žurnalist tussag edildi.

Şäher meýdanlarynda we köçelerinde onlarça aktiwist polisiýa tarapyndan saklanyldy. Birnäçe žurnalist, şol sanda «Interfaks» habar gullugynyň,Azatlyk radiosynyň Gazak gullugynyň habarçylary polisiýa tarapyndan birnäçe sagat saklanylyp, soňra boşadylandyklaryny habar berdiler.

Azatlyk radiosynyň Gazak gullugynyň websaýty petiklengi, feýsbuk wewe youtube sahypalaryna bolsa, 20-nji maýdan bäri kadaly girip bolmaýar.

Bu tussag etmeler oppozisiýanyň ýer kanunyna girizilmekçi bolýan üýtgetmelere garşy proteste çagyrmagy bilen bagly geçirildi.

Ol üýtgetmelerGazagystanda ekerançylyk ýerleriniň uly möçberde hususylaşdyrylmagyna, daşary ýurtlulara ýeri 25 ýyllyk möhlet bilenkärendesine bermäge ýol açýar.

XS
SM
MD
LG