Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Türkiýede ulanylan gyrgyz pasportlary galp


Stambul aeroportynda etniki uýgurlara gyrgyz pasportlaryny satýan dört adamyň tutuldy.

Stambul aeroportynda etniki uýgurlara gyrgyz pasportlaryny satýan dört adamyň tutuldy.

Gyrgyzystanyň döwlet hasaba alyş gullugy şu hepde Türkiýede gyrgyz pasporty bilen saklanan hytaýly uýgurlaryň ulanan dokumentleriniň galp bolandygyny aýdýar.

Bu gullugyň başlygy Taýyrbek Sarpaşewiň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, galp dokument ýasaýanlar gyrgyz raýatlarynyň ulanýan kanuny pasportlaryny ele salyp, galplaşdyrypdyrlar.

Ol häzir bu iş boýunça derňew barýandygyny aýtdy.

Türk metbugaty 17-nji maýda türk polisiýasynyň Stambulyň Ata Türk uçar meýdanynda, galp pasport ulanýandyklaryny bilip, 89 sany hytaýly uýgury saklandygyny habar berdi.

Mundanam başga, Stambul aeroportynda etniki uýgurlara gyrgyz pasportlaryny we Saud Arabystanyna uçar biletlerini satýan dört adamyň tutulandygy aýdyldy.

Ol uýgurlar Saud Arabystanynyň Jedde şäherine barýan eken.

XS
SM
MD
LG