Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ekspertleri aktiwistiň tutulmagyny ýazgarýar 


 Narges Mohammadi
Narges Mohammadi

Birleşen Milletler guramasynyň resmilerinden ybarat topar Eýranda öňdebaryjy hukuk goraýjy aktiwistiň ölüm jezasyny ýatyrmak baradaky kampaniýa goşulandygy üçin türmä basylmagyny ýazgardy.

Adam hukuklaryny goraýan merkeziň başlygynyň orunbasary Narges Mohammadi 18-nji maýda on ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Ol eýýäm alty ýyl türme tussaglygyny çekip otyrdy. BMG-niň adam hukuklary boýunça Eýrandaky hasabatçysy Ahmed Şahid 20-nji maýda Narges Mohammadiniň türmede 16 ýyl däl, bir sagat artyk saklanmagyna-da düýpden sebäp ýok diýdi.

Şahid Eýranyň prezidenti Hassan Rohanini we beýleki resmileri Mohammadiniň derhal we hiç bir gep-gürrüňsiz azat edilmegi üçin ellerinden gelen ähli zady etmeklerine çagyrdy.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň ýörite proseduralarynyň ekspertleri hem 20-nji maýda Tährany eden-etdilikli we bikanun tussag edilen ähli žurnalistleri, hukuk goraýjylary boşatmaga çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG