Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ýüzlerçe demonstrasiýaçy tutuldy


Almatyda aktiwistleri tutýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:02 0:00

Almatyda aktiwistleri tutýarlar

Oppozisiýanyň ýurt boýunça üýtgedilen ýer kanunyna garşy demonstrasiýa çagyrmagy bilen baglylykda, howpsuzlyk güýçleri Gazagystanyň dürli şäherlerinde ýüzlerçe žurnalisti, aktiwisti we demonstrasiýaçyny tussag etdi.

Paýtagt Astanada we Almaty, Karaganda, Uralsk, Çimkent, şeýle-de günbatardaky Atyrau şäherlerinde, hökümet basyp ýatyryşy astynda,onlarça žurnalist tussag edildi.

Şäher meýdanlarynda we köçelerinde müňden gowrak demonstrasiýaçy polisiýa tarapyndan saklanyldy.

Onlarça žurnalist, şol sanda «Interfaks» habar gullugynyň, Azatlyk radiosynyň Gazak gullugynyň habarçylary polisiýa tarapyndan birnäçe sagat saklanylyp, soňra boşadylandyklaryny habar berdiler.

Gazagystanyň informasiýa we aragatnaşyk ministri Dauren Abaýew 21-nji maýda özüniň žurnalistleriň näme sebäpden tussag edilendigini anyklajakdygyny aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Gazak gullugynyň websaýty petiklengi, feýsbuk we youtube sahypalaryna bolsa, 20-nji maýdan bäri kadaly girip bolmaýar.

Almatyda adamlar merkeze goýberilmedi

Almatyda ýüzlerçe adam merkezdäki Respublika meýdançasyna toplanmaga synandy, emma olar ýa tussag edildi, ýa-da polisiýa ol ýere barýan köçeleri petikläp, adamlary merkezi meýdança goýbermedi.

Demirgazykdaky Pawlodar şäherinde, azyndan 35 adamyň merkeze toplanmagynda, kiçiräk ýygnanyşyk boldy. Oppozisiýa aktiwisti Serikbaý Alybaýew köpçüligiň öňünde söz sözlemäge başlady, emma polisiýa ara goşulyp, märekäni dargytdy.

Alybaýew polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Bu tussag etmeler oppozisiýanyň ýer kanunyna girizilmekçi bolýan üýtgetmelere garşy proteste çagyrmagy bilen bagly geçirildi.

Ol üýtgetmeler Gazagystanda ekerançylyk ýerleriniň uly möçberde hususylaşdyrylmagyna, daşary ýurtlulara ýeri 25 ýyllyk möhlet bilenkärendesine bermäge ýol açýar.

Gazagystanda "ýer protestçileri" kowalanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:34 0:00

Demonstrasiýalar apreliň aýagynda, esasan günbatar şäherlerde, hökümet ýer kanunyna üýtgetmeleri girizýändigini yglan edeninden soň başlandy. Emma hökümet derrew yza çekildi, ýagny ýer kanuny bilen bagly reformalaryň 2017-nji ýyla çenli durmuşa geçiriljek däldigini aýtdy.

Şondan iki gün soň ýurduň oba hojalyk ministri Asylžan Mamytbekow we ykdysadyýetministri Ýerbolat Dosaýew işden çekildi.

Howpsuzlyk güýçleri aktiwistleriň we žurnalistleriň öýlerinereýd geçirip, köplenç kompýuterleri we beýleki enjamlary konfiskasiýa etdiler.

BMG-niň adam hukuklary paneliniň ekspertleri 12-nji maýda gazak hökümetini ýanamalary, aktiwistleri tutup-basmagy derhal bes etmäge hem-de raýat jemgyýetini goramak üçin netijeli çäreleri görmäge çagyrdy.


Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG