Sepleriň elýeterliligi

G7 terrorçy maliýesini togtatjak diýýär


Ýediler topary terror guramalarynyň maliýeleşdirilmeginiň badyny gaçyrmagy wada berýär.

Ýediler topary terror guramalarynyň maliýeleşdirilmeginiň badyny gaçyrmagy wada berýär.

Ýediler topary (G7), maglumat alyp-çalyşmagy güýçlendirmek, emläkleri doňdurmak, halkara pul geçiriş düzgünlerini berkitmek arkaly, terror guramalarynyň maliýeleşdirilmeginiň badyny gaçyrmagy wada berýär.

"Gazaply ekstremizme garşy durmak we günäkärleri jogapkärçilige çekmek tutuş halkara jemgyýetçiliginiň baş borjy bolup galýar» diýip, dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýedi ýurdunyň maliýe ministrleriniň 21-nji maýda, Ýaponiýanyň Akiu şäherinden ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de ministrler yslamçy ekstremistleriň terror hüjümlerini planlaşdyrmagyna, syýahatlaryna we niýetleriniamala aşyrmaklaryna kömek edýän maliýe geçirijileriniň petiklenmegine getirjek hereket plany barada ylalaşyga geldiler.

Bu plan indiki hepde ösen ýediler toparynyň ýolbaşçylary Ýaponiýada duşuşanda tassyk edilmeli.

Ýediler toparyna Britaniýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa we ABŞ girýär.

XS
SM
MD
LG