Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: çaknyşykda iki adam öldi


Yrak protestçileri

Yrak protestçileri

Bagdatda howpsuzlyk güýçleri bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşykda azyndan iki adam öldürildi, onlarça adam ýaralandy.

Yrak resmileri 21-nji maýda 20-nji maý gijesi Bagdadyň Ýaşyl zonasyna zabt edilende, polisiýanyň protestçileri dargytmak üçin ot açmagy netijesinde, iki adamyň ok ýarasyndan ölendigini aýtdy.

Aýdylmagyna görä, 57 adam ýaralanypdyr. Hassahana çeşmeleri 21-nji maýda dört adamyň ölendigini, 90 adamyň ýaralanandygyny aýtdy diýip, «Roýters» habar berdi.

Howpsuzlyk güýçleri hökümet binalaryna, şol sanda premýer-ministr Haýdar al-Abadiniň ofisine giren müňlerçe protestçini yzyna serpikdirmek üçin göz ýaşardyjy gaz, suw toplaryny hem ulandy.

Bu demonstrasiýaçylaryň üç hepdede Ýaşyl zona, parlamentiň we daşary ýurt ilçihanalarynyň bir toparynyň ýerleşýän ýerine ikinji gezek kürsäp urşydyr.

XS
SM
MD
LG