Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda Rahmonyň häkimiýetini berkitjek referendum geçirilýär 


Duşenbe, täjik prezidenti Emomali Rahmon referendumda ses berýär, 22-nji maý, 2016.

Duşenbe, täjik prezidenti Emomali Rahmon referendumda ses berýär, 22-nji maý, 2016.

Täjigistanda baş kanuna girizilýän düzedişler boýunça referendum geçirilýär, bu referendum arkaly prezident Emomali Rahmonyň häkimiýeti elinde saklamagynyň has-da berkidilmegine garaşylýar.

22-nji maýdaky referendum konstitusiýa girizilmegi teklip edilen 41 düzedişi öz içine alýar.

Ses berijilerbu topluma ýa “hawa”, ýa-da “ýok” diýip ses bermeli. Aýry-aýry teklipler boýunça ses bermek mümkinçiligi ýok.

Merkezi saýlaw komissiýasy ses berişlik ýapylmazyndan iki sagat çemesi soň
oňa gatnaşygyň 88 prosentden aşandygyny, ýagny kanunydygyny jar etdi.

Prezidentlik möhleti

Teklip edilýän düzedişleriň içinde iň möhümleri Rahmonyň prezident bolmak möhletleriniň çäginiň aradan aýrylmagy, prezident bolmak üçin ýaş çäginiň aşakladylmagy hem-de din esasyndaky syýasy partiýalaryň döredilmegini gadagan etmek bolup durýar.

Prezidentlik möhletiniň çägi bilen bagly düzediş diňe Rahmona, geçen ýyl parlament tarapyndan ses berlen “Milletiň lideri” derejesine eýe bolan syýasatça degişli bolar. Bu dereje oňa we prezidentiň maşgala agzalaryna hemişelik kanun jogapkärçiligine çekilmezlik hukuklaryny berýär.

Rahmon Täjigistana çärýek asyra golaý wagt bäri ýolbaşçylyk edýär, tankytçylar soňky ýyllarda onuň din, raýat jemgyýeti azatlyklaryna we syýasy köpdürlilige bolanäsgermezliginiň ýokarlanandygyny aýdýarlar.

Referendumda ses berijilerden prezident boljak adamyň ýaş çägini 35 bolanlygyndan 30-a getirmek baradaky soraga hem jogap bermek soralýar. Bu ýagdaý Rahmonyň 29 ýaşyndaky ogly Rustam Emomaliniň kakasynyň ornuna biraz ir geçip bilmek mümkinçiligini artdyrýar.

Dini partiýa gadaganlygy

Şeýle-de referendumda, Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň esasy agzalaryna garşy edilýän suda gabat, dine esaslanýan partiýalaryň döredilmegini gadagan etmek baradaky teklibe ses berilýär.

Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasy, geçen ýyl hökümet “terrorçy topar” diýip tagmalamazyndan ozal, giňden aram gurama hökmünde görülýärdi. Bu ýagdaý Rahmon režiminiň iň möhüm resmi oppozisiýasynyň gyrakladylmagyna getirdi.

Ozalky referendumlar

Täjigistandaky soňky referendum 2003-nji ýylda geçirilip, prezidentligiň bir möhlet çägini iki möhlete çenli uzaltdy.

Täjigistanyň ondan öňki referendumynda, 1999-njy ýylda, dini we syýasy partiýalaryň kanunylaşdyrylmagy tassyklanyldy. Täjigistanyň 1992-97-nji ýyllardaky raýat urşuny soňlan parahatçylyk ylalaşygy oppozisiýanyň agzalarynyň hökümetde orun almagyna ýol açýardy we olaryň uly bölegi Täjigistanyň Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasyna degişlidi.

Şol referendum prezidentiň bäş ýyllyk möhletini ýedi we ondan aňryk uzaltmak teklibini hem tassyklady we prezident Rahmon şu esasda özüniň birinji iki saýlawynyň iki möhlet prezidentligiň bir bölegi hökmünde hasaplanylmaly däldigini jar etdi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG