Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ "Talyban" liderini Pakistanda öldürdi


Molla Ahtar Mohammad Mansur
Molla Ahtar Mohammad Mansur

Owganystan «Talybanyň» lideri molla Ahtar Mansuryň ABŞ-nyň dron zarbasy bilen Pakistanyň içinde öldürilendigini aýdýar.

Ýurduň Milli howpsuzlyk müdirligi 22-nji maýda Mansuryň Pakistanyň günorta-günbatar Bulujystan welaýatynda, maşynly barýan wagty, ýanyndaky beýleki söweşijiler bilen nyşana alnandygyny aýtdy.

Owganystanyň baş ýerine ýetirijisi Abdylla Abdylla Mansuryň 21-nji maýda irden, owgan serhediniň edil aňry ýüzünde, Dahl Bandin etrabynda, maşynyny dron zarbasynyň urmagy netijesinde ölendigini aýtdy.

Pentagon biraz öň «Talybanyň» lideri molla Athar Mansura garşy howa zarbasyny urandygyny aýtdy we ABŞ resmisi Mansur «öldürilene meňzeýär» diýdi.

Pentagonyň metbugat sekretary Piter Kuk bu hüjümiň gyrak-çetde, owgan-pakistan serhediniň boýunda, 21-nji maýda, irden edilendigini aýtdy. Ol Birleşen Ştatlar onuň netijelerini öwrenýär diýdi.

Emma bu operasiýa barada açyk diskussiýa etmäge ygtyýar berilmedik ABŞ resmisi Mansur we ulagda onuň ýanynda bolan erkek söweşiji, megerem, öldürilendir diýdi.

Ol resmi howa zarbasynyň ABŞ-nyň Ýörite operasiýalar güýçleriniň adamsyz uçary tarapyndan urlandygyny aýtdy. Şeýle-de ol bu operasiýanyň Ahmad Wal şäheriniň günorta-günbatarynda geçirilendigini, oňa prezident Barak Obama tarapyndan ygtyýar berlendigini aýtdy.

Tassyklama we inkär etme

«Associated Press» «talyban» komandiri molla Abdul Raufa salgylanyp, onuň

«Mansur Owganystan-Pakistan serhet etrabynda dron zarbasyndan öldi» diýendigini habar berdi.

Beýleki «talyban» söweşijileri bu habarlaryň esassyzdygyny aýdyp, ony ret etdiler.

Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň edarasy bu howa zarbasyny tassyk etdi we hökümetiň Mansuryň öldürilip-öldürilmändigini derňeýändigini aýtdy.
Ganiniň sözçüsi Syýed Zafar Haşemi bu reýd «şowly bolana çalym edýär" diýdi.

Owganystanyň baş ýerine ýetirijisi Abdulla Abdulla Mansuryň ölümi «Talyban» bilen owgan hökümetiniň arasynda doňup galan parahatçylyk gepleşiklerine oňyn täsir ýetirer diýdi.

Ol Mansur «Talybanyň» Owganystandaky parahatçylyk prosesine goşulmagynyň öňüni alýan esasy şahsyýetdi» diýdi. «Talyban» bu ýurtda 15 ýyl bäri pitne uruşlaryny alyp barýar.

Mansur "gutulgysyz howpdy"

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Mýanmara sapary mahalynda Mansuryň Owganystandaky amerikan işgärlerine we owganlara dowamly ýagdaýda «gutulgysyz howp» salandygyny, «parahatçylyk gepleşiklerine we ýaraşyk prosesine göni garşy durandygyny» aýtdy.

«Talyban» liderini nyşana alan howa zarbasy dünýä biziň has durnukly, birleşen, howpsuz, abadan Owganystany gurmak ugrunda işleýän owgan hyzmatdaşlarymyzyňýanynda durmagy dowam etdirýändigimiz barada açyk-aýdyň yşarat gönderýär» diýip, Kerri sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol owgan we pakistan liderleriniň bu howa zarbasyndan habarly edilendigini aýtdy, emma bu işiň anyk haçan edilendigini aýtman, özüniň Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif bilen telefonda gürleşendigini belledi.

Mansur «Talyban» lideri diýip 2015-nji ýylyň iýulynda, owgan hökümeti «Talybanyň» ruhy lideri molla Mohammad Omaryň Pakistanyň port şäheri Karaçide iki ýyl ozal ölendigini tassyklanyndan soň jar edildi.

Emma «Talybanyň» komandirleriniň käbiriniň ony ykrar etmekden boýun gaçyrmagy netijesinde, toparyň içinde bada-bat ýolbaşçylyk oňşuksyzlygy başlandy.

«Talyban» Owganystana yslam kanunlarynyňýowuz düşündirmeleri esasynda, 2011-nji ýylyň sentýabrynda Amerika edilen hüjümlerden soň, ABŞ ýolbaşçylygynda Owganystana goşun salnyp, bu topar häkimiýetden agdarylýançaýolbaşçylyk etdi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG