Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus prezidenti popy sammite çagyrýar


Watikan. Pop Fransis belarus delegasiýasy bilen duşuşýar. 21-nji maý, 2016 ý.
Watikan. Pop Fransis belarus delegasiýasy bilen duşuşýar. 21-nji maý, 2016 ý.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Rim papasy Fransisi Orsýetiň Prawoslaw ybadathanasynyň başlygy bilen duşuşmak üçin, teklip edilýän Minsk parahatçylyk sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Lukaşenko bu çakylygy 21-nji maýda, Watikanda pop bilen duşuşygy mahalynda etdi.

Ol gündogar Ukrainada barýan konflikt täze, «belki-de ruhy» inisiatiwany talap edýär diýdi.

Lukaşenko bu sammite ýehudi, yslam wekilleri bilen bir hatarda, ukrain dini liderlerini hem çagyrmak isleýändigini aýtdy.

Watikanyň bu çakylyga nähili jogap berendigi barada bada-bat aýdylan söz bolmady.

XS
SM
MD
LG