Sepleriň elýeterliligi

"Talyban" lideri Mansur Pakistanda öldürildi


«Talybanyň» lideri molla Ahtar Mansur

«Talybanyň» lideri molla Ahtar Mansur

Owganystan «Talybanyň» lideri molla Ahtar Mansuryň ABŞ-nyň dron zarbasy bilen Pakistanyň içinde öldürilendigini aýdýar.

Ýurduň Milli howpsuzlyk müdirligi 22-nji maýda Mansuryň Pakistanyň günorta-günbatar Bulujystan welaýatynda, maşynly barýan wagty, ýanyndaky beýleki söweşijiler bilen nyşana alnandygyny aýtdy.

Owganystanyň baş ýerine ýetirijisi Abdylla Abdylla Mansuryň 21-nji maýda irden, owgan serhediniň edil aňry ýüzünde, Dahl Bandin etrabynda, maşynyny dron zarbasynyň urmagy netijesinde ölendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG