Sepleriň elýeterliligi

Erdoganyň ýakyn ýarany premýer-ministrlige bellendi


Binali Ýyldyrym

Binali Ýyldyrym

Türkiýäniň dolandyryjy partiýasy prezident Rejep Taýyp Erdoganyň esasy ýaranyny partiýa lideri we täze premýer-ministr wezipesine belledi.

Binali Ýyldyrym, transport we aragatnaşyk ministri, Adalat we galkynyş partiýasynyň – AKP-niň esaslandyryjy agzasy 22-nji maýda Ankarada bolan partiýa gurultaýynyň ýeke-täk kandidaty boldy.

60 ýaşyndaky Ýyldyrym premýer-ministr Ahmet Dawutoglunyň ýerine geçýär, ol Erdogan bilen pikir dürlüligi sebäpli işden çekildi.

Täze premýer-ministriň esasy wezipesi prezidentiň häkimiýet ygtyýarlygyny güýçlendirjek konstitusiýa düzedişlerine gözegçilik etmekden ybarat bolar.

Dawutoglunyň iki hepde ozal işden çekilmeginiň arkasynda hem şu meseläniň bolandygy aýdylýar.

Ýyldyrymyň wezipä bellenmegi Türkiýäniň PKK kürt pitneçileriniň we «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň salýan howpsuzlyk wehimleri bilen ýüzbe-ýüz bolan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG