Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Referendum Rahmonyň häkimiýetini pugtalandyrmagy makullady


Referendum, Täjigistan, 22-nji maý, 2016
Referendum, Täjigistan, 22-nji maý, 2016

Täjigistanyň saýlaw resmileri ses berijileriň prezident Emomali Rahmonyň häkimiýetini pugtalandyrmak barada Konstitusiýa düzedişleri girizmegi makullandygyny aýtdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň 22-nji maýda geçirilen referendumyň deslapky netijelerine salgylanyp aýtmagyna görä, Konstitusiýa girizmek üçin teklip edilen 41 düzediş ses berijileriň 94.5%-niň goldawyna eýe bolupdyr.

Düzedişler Rahmonyň döwlet başynda galmagynyň wagt möhletiniň çäklerini aradan aýyrmak, prezident bolmaga dalaş edýänleriň ýaşynyň aşaky derejesini 35 ýaşdan 30 ýaşa çenli azaltmak, şeýle-de din bilen bagly syýasy partiýalary gadagan etmek ýaly düzgünleri göz öňünde tutýar.

Täjigistana çärýek asyryň dowamynda ýolbaşçylyk edýän Rahmonyň soňky ýyllarda din, raýat we syýasy azatlyklara basyşyny has güýçlendirendigini tankytçylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG