Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýemen: Adende heläkçilikli hüjüm boldy


Daşary işler ministrliginiň öňünde bolan bombaly hüjümiň netijeleri, Aden, 15-nji aprel, 2016.

Daşary işler ministrliginiň öňünde bolan bombaly hüjümiň netijeleri, Aden, 15-nji aprel, 2016.

Ýemenden gowuşýan maglumatlarda port şäheri Adeniň janyndan geçen iki hüjümçiniň bombaly hüjümine sezewar bolandygy habar berilýär.

Howpsuzlyk resmileriniň 23-nji maýda aýtmagyna görä, janyndan geçen hüjümçiler Ýemeniň goşunyna esgerlige ýazylmak üçin nobata duran ýaşlara içi bombaly awtoulagly hüjüm edipdirler. Hüjüm zerarly azyndan 20 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy.

Golaýdaky goşun bazasynda bolan ýene bir partlamada wepat bolanlaryň we ýaralananlaryň takyk sany aýdylmady.

Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

“Al-Kaýda” we “Yslam döwleti” atly toparlar şaýylaryň “Huthi” gozgalaňçylaryna garşy söweşýän hökümet güýçlerine edilen hüjümleriň ençemesiniň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG