Sepleriň elýeterliligi

Hökümet Fallujany eýelemek boýunça çäräni yglan etdi


Yragyň hökümet güýçleri, Falluja, 3-nji maý, 2016

Yragyň hökümet güýçleri, Falluja, 3-nji maý, 2016

Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi Fallujany “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň söweşijilerinden gaýdyp almak boýunça harby çäreleriň başlanandygyny yglan etdi.

Abadi 22-nji maýda agşam telewideniýede eden çykyşynda Yragyň güýçleriniň söweşijilere garşy “uly ýeňiş pursadyna ýetip barýandygyny” aýtdy. Falluja Bagdatdan 65 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Munuň yzýany Yragyň resmileri YD toparynyň gözegçiligindäki Garma şäheriniň daşynda guryýer söweşleriniň alnyp barylýandygyny aýtdylar.

Bu maglumatlar Yragyň güýçleriniň YD toparyna garşy söweşlerde üstünlik gazanýan wagtyna gabat geldi. Ýaňy-ýakynda hökümet güýçleri Anbar welaýatynyň gyrasyndaky Rutba şäherini öz gözegçiligine geçirdiler.

YD Yragyň demirgazygynda we günbatarynda uly giňişliklere, şol sanda ýurduň ululygy boýunça ikinji şäheri Mosula gözegçilik edýär.

XS
SM
MD
LG