Sepleriň elýeterliligi

Assadyň režiminiň "galasy" partlama sezewar boldy


Bomba partlamasynyň netijesi, Tartus, 23-nji maý, 2016.

Bomba partlamasynyň netijesi, Tartus, 23-nji maý, 2016.

Siriýaly aktiwistler prezident Başar al-Assadyň režiminiň galasy hasaplanýan iki şäherde bolan partlamalarda 100-den gowrak adamyň wepat bolandygyny habar berdiler.

“Yslam döwleti” atly topar 23-nji maýda bolan hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän düýbi britaniýaly gurama 23-nji maýda Ortaýer deňiz regionynyň Tartus şäherinde üç partlamanyň bolandygyny aýtdy. Bu şäherde Orsýetiň kiçi harby deňiz bölümi ýerleşýär.

Ýene dört partlama 60 kilometr uzaklykda demirgazykda ýerleşýän Jableh şäherinde boldy.

Ýedi sany partlamanyň aglabasyna janyndan geçen hüjümçiler sebäp boldy.

SANA döwlet agentligi bombaly hüjümleriň Tartusda awtobus stansiýasyna we Jablehde edaralara, şol sanda keselhana gönükdirilendigini habar berdi.

Bu iki şäher Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri dowam edýän we azyndan 270 müň adamyň ölümine sebäp bolan konfliktden çetde galypdy.

XS
SM
MD
LG