Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Içeri işler ministrliginiň adaty bolmadyk hereketi


Täjik paýtagty Duşenbede hindileri "Holi" atly baýramçylygy bellenilýär.

Täjik paýtagty Duşenbede hindileri "Holi" atly baýramçylygy bellenilýär.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi, geçen hepde polisiýa tarapyndan kowalanyp, gysga wagtlaýyn tussag edilen “Ýaş partiýanyň” agzalaryny gürrüňi edilýän zabun çemeleşme boýunça ministrlige arza bilen ýüzlenmegi sorady.

Ministrligiň adaty bolmadyk bu beýanaty, sosial mediada polisiýanyň tussaglykdaky erkek adamlara we aýal-gyzlara kemsidiji sözler aýdyp, olary urup-ýençýändigi hakynda ses ýazgysy peýda bolup, bu ugurdan tussaglaryň dogan-garyndaşlary we hukuk goraýjy aktiwistler şikaýat edensoňlar peýda boldy.

Ministrligiň metbugat wekili Jaloliddin Sadriddinow, 15-nji maýda geçirilen “Hindi bahary” festiwalyna gatnaşanlygy sebäpli, 19-njy maýda paýtagt Duşanbäniň köçesinde birnäçe ýaş adamlaryň tussag edilendigini tassyklady.

Tussag edilmeler

Sadraddinow, polisiýada sorag edilensoňlar goýberilendigini ýatladyp, olara erbet çemeleşilendigi hakynda hiç bir maglumatynyň ýokdugyny aýdýar. Ýöne ol “bu wakanyň pidalary resmi şikaýat haty bilen ýüz tutsalar, ministrlik bu aýdylýanlary derňär” diýdi.

16 minutlyk ses ýazgynyň 18-nji maýda Internetde sosial mediada paýlaşylmagy tolgunşyklary döretdi we bu faktlar boýunça tiz çäre görülmegine getirdi.

Ses ýazgysyny sosial mediada birinji bolup Facebookda täjik we rus dillerinde habarlary çap edýän “Platforma” atly topar köpçülige ýetirdi. Bu ses ýazgynyň polisiýanyň jaýynda mobil telefon arkaly ýazga geçirilendigi aýdylýar.

Platformada aýdylşyna görä, aglabasy 18 ýaşyna ýetmedik çagalardan ybarat 200 töweregi adam Duşenbedäki Ismoili Somoni etrapçasyndaky polisiýa merkezine äkidilip, olara paýyş sögülipdir we olar ýenjilipdir.

Facebookdaky bu ýazgy birnäçe sagadyň içinde ýüzlerçe gezek paýlaşylypdyr.

Haýyş edýän, meni urmaň!”

Ýazgyda paýyş sözler bilen gygyrýan erkegiň sesi eşidilýär. Käte ol sesleriň arasynda gynalýan, ten jezasyna uçran adamlaryň sesleri hem aýyl-saýyl bolýar.

“Haýyş edýän meni urmaň, haýyş edýän, haýyş edýän men munuň gadagandygyny bilemokdym!” diýen ýaly sözler bilen aglap, polisiýa ýalbarýan zenan sesini hem eşitse bolýar.

Ýazgynyň şol ýerinde: “Heý, bu ýerde bu taýaklar işe ýaramaýa…” diýlen erkek sesinden ozal, tiz-tizden dem alýan zenan sesi eşidilýär.

Beýleki bir mylaýymrak erkek sesi bolsa: “Seniň ýaly ýaş, owadan gyzlar gijäniň ýarynda köçelerde entäp ýörmeli däl. Sen özüňden utan!” diýýär.

Azatlyk Radiosynyň bu sesleriň hakykatdygyny tassyklatmak üçin eden aladalary başa barmady. Ýöne ýerli adam hukuklary boýunça awtiwistleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaý polisiýanyň zulumyndan ejir çekýänleriň bolandygyny subut edýär.

Özbaşdak ýygnanyşyklar gadagan edilipdi

Duşenbede ýerleşýän “Gynamalara garşy koalisiýanyň” wekili Dilrabo Samadowa Azatlyk Radiosyna ýazgynyň barlanandygyny we 16 minudyň dowamynda polisiýanyň tussaglary 25 gezek urandygynyň anyklanandygyny aýtdy.

“Gynamalara garşy koalisiýa”, wakanyň pidalaryna polisiýa işgärlerine garşy suda ýüz tutmaklaryny teklip edip, sudda olaryň tarapynda durup, wekilçilik edip biljekdigini aýtdy.

Samadowa agzalýan ses ýazgysynda ýedi sany polisiýanyň sesiniň bardygyny kesgitländiklerini belleýär.

“Ýaş partiýa” agzalarynyň näme üçin tussag edilendigi häzirem sorag astynda galýar.

Täjik häkimiýetleri köp çykdajyly özbaşdak ýygnanyşyklaryň maşgala býujetine agram salýandygyny tutaryk edinip, beýle ýygnanyşyklary gadagan edýär.

Geçen ýyl Duşenbäniň bir ýaşaýjysyna, onuň restoranda dostlary bilen öz 25 ýaşynyň toýuny toýlandygy üçin, bu dabara gatnaşanlaryň hemmesine pul jerimesi salyndy.

Ýöne “Hindi baýramçylygyny” gurnaýjy gurama, ýagny döwlete degişli bolmadyk ýerli jemgyýetçilik guramasy “Alegriýa” reňk baýramçylygy diýlip tanalýan “Holi” baýramyna 400 sany adamynyň çagyrylmagyna we gutlag dabarasyny geçirmäge öňünden resmi rugsat alnandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG