Sepleriň elýeterliligi

BMG göçürilen adamlaryň sanyny azaltmaga çagyrdy


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon hökümet we biznes liderlerini, ýardam toparlaryny hem donorlary ýurtlaryň çäginde öz ýaşaýan ýerlerinden göçürilen adamlaryň sanyny 2030-njy ýyla çenli azaltmak boýunça çäre görmäge çagyrdy.

“Biz bu ýerde başgaça geljegi kesgitlemek üçin jemlendik” diýip, Ban ki Moon 23-nji maýda Stambulda geçirilýän iki günlük gumanitar sammitde aýtdy.

Konfliktler we tebigy betbagtçylyklar zerarly ejir çekýän adamlara zerur kömek bermek meselesine gönükdirilen sammite dünýäniň 60 çemesi lideri gatnaşýarlar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyip Erdogan öz ýurdunyň bosgunlar meselesinde “agramyň has adalatly paýlaşylmagyna” garaşýandygyny aýtdy.

Dünýäde 60 milliona golaý adam öz öýlerini terk etmäge mejbur boldy we azyndan 125 million adam kömege hem goraga mätäçlik çekýär.

XS
SM
MD
LG