Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milli mertebe


Türkmenistanyň gum etegindäki obalarynyň biri.
Türkmenistanyň gum etegindäki obalarynyň biri.

Myhman kabul etmek milletiň mertebesi saýylýar. Myhman kabul etmegi borç bilip, ondan ýüz öwürýän ýok. Ötegçi islendik gapa baryp, özüniň myhman alynmagyny soranynda, ony şol öý myhman alypdyr.

Ýoldaky topar

Bir myhmançylyk ýadymdan çykanok.

Sowet Türkmenistany döwri Ýazyjylar birleşiginiň ýanynda, Çeper Edebiýatyň ündewi diýlen edara bardy. Ol ýazyjy-şahyrlary ýerlerde çykyş etmäge, dogrusyny aýtsak, az-kem gazanç etmäge ugradýardy.

Biz dört ýoldaş bolup, iň alysdaky Aýböwür etrabyna bardyk. Ol ýerden ,,Ak altyn” daýhan birleşigine iberdiler.

Baryp, Nalaçbabanyň gyrynyň duşundan geçip, düzlükde oturan bir oba ýetdik. Wagt gijigensoň, hojalygyň başlygy bize oba radiosynda çykyş ediň diýdi.

Gol çekdirmeli, möhür basdyrmaly kagyzlar meniň elimde bolansoň, ýoldaşlarym meni öňe sürdüler.

Dowarlar
Dowarlar

Oba radiosynda resmi gürlemeli boldum. Şol döwürde SSKP MK-nyň baş sekretary L. I. Brežnewiň ýatlama kitaplary çykypdy. Ine, biz şol kitaplaryň gymmatly mazmunyny halka düşündirmek üçin gelendigimizi aýtdym-da, şahyr hem alym Gurbandurdy Geldä söz berdim.

Ol L. I. Brežnewiň kitabyny okamadyk bolarly, öz ýatlamalaryndan söz açdy. Açlyk ýyllarynda Arkajyň ilatynyň şu uly Garagum çölüni paý-pyýada geçip, bu ýere argyşa gaýdandyklaryny aýtdy. Hut öz kakasynyň hem bu ýere birnäçe gezek gelip gidendigini ýatlap, yzyndan öz goşgularyndan okady.

Men üçünji ýoldaşymyza söz berip, daş çykdym. Şol wagtam ala-garaňkylykdan bir adam hasyrdap geldi. Ol gele-gelmäne:

– Kim bularyň başlygy? – diýip, azymly sorady.

Oňa meni görkezdiler. „Janlarym, ýalňyş gürläýdimmikäm?” diýip, gara janym galmady.

Geň ynsan

Ol meniň salamymy alyp-alman:

– Bularyň haýsysy Gurbandurdy bolmaly? – diýdi.

Ol Gurbandurdynyň elinden berk tutup:

– Wäh, sen şol gyzylarbatly Geldiň oglumy? – diýip, geň galyp seretdi.

Gurbandurdy „Hawa” diýen manyda başyny atdy.

– Geldiniň ogly bolsaň, näme bu ýerde dursuň? Salam berip öýden barsaň bolmyýarmy?

Gurbandurdy oňaýsyz ýagdaýda egnini ýygyrdy.

Ol ýaşuly maňa ýüzlendi.

– Inim, gutar bu gürrüňiňi. Gijäniň içinde radioda samyrdap durmak gelşikli bolmaz. Çaý başynda oturyp, adam şekilli gürrüň edeýli.

Gürrüňimizi jemläp, ol adamyň yzyna düşdük. Işigi mal-garaly, odun-çöpi bol, bir döwletli oýe bardyk. Dogrusy, ol toý tutýan ekeni.

Öňümize şeýle bir naharlar geldi! Uzakly günümizi ýolda geçiren ýolagçy bolamyzsoň, başymyzy saçakdan galdyryp bilmedik. Ýary gijä çenli iýmek-içmek, mesawy gürrüň dowam etdi. Şol giň içerde, bol saçagyň başynda, her kim bir gapdala gyşardy.

Minnetdarlyk

Ir ertir örledik. Biziň yza dolanmagymyz gerekdi.

El-ýüz ýuwup, bir käse çaý içmek üçin, saçagyň başyna jemlenen badymyza, adama bir okara unaş geldi.

Haýran saňa! Olar gijäni ýatman geçirdilermi? Kim bilýär?

Aslynda ol adam kim? Gurbandurdynyň kakasy Geldi bilen nähili tanyşlygy bar? Olar köp gezek görşüpdirlermi ýa ýöne şeýle tanyşmy? Bu zatlar barada gürrüň açara wagt bolmady. Ol-a toý aladasy bilen, bizem ýolagçy bolamyzsoň, ine-gana gürrüňe ýetişmedik.

Biz ýola ugrajagymyzy aýtdyk. Ol bolsa:

– Sylap geleniňiz üçin Alla ýalkasyn, ýigitler. Otursaňyz – toý görersiňiz. Gaýtsaňyz, Alla ýaryňyz – ýoluňyz ak bolsun! – diýip, ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biz bir gezip ýören ýazyjy-şahyr, derwüş mysaly adamlar. Ol şol ýatlary myhman alyp, gijesi bilen hyzmat etdi. Ýene irden kelleçorba bişirilen unaşy taýýarlap alnymyza goýdy. Myhman bolanymyza-da minnetdarlyk bildirýär.

Beýiklik

Ýat illerde ýat adamlardan, halkymyzyň myhmansöýerligi barada gowy sözleri eşitdim. Megerem, mundan ýakymly zat bolmasa gerek. Bu bir milletiň mertebesi.

Şol duýgyny başdan geçirýärkäm, myhmana baş atyp duran ynsan göz öňüme gelýär.

Islendik şertde-de, her halkyň öz bir beýik taraplary bolýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG