Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Rus söweş uçarlary strategik ýoly bombalady


Russiýanyň söweş uçary.
Russiýanyň söweş uçary.

Orsýetiň söweş uçarlarynyň Siriýanyň iň uly şäheri bolan Halabyň (Alepponyň) gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky etraplaryna gidýän esasy ýolda agyr howa zarbalaryny urandygy aýdylýar.

"Siriýanyň adam hukuklaryna gözegçilik" merkezi 22-nji maýda urlan zarbalarda, açyk bolsa-da, gaty howply hasaplanýan, Kastella ýolunyň nyşana alnandygyny habar berdi.

Gözegçilik merkeziniň başlygy Rami Abdulrahmanyň aýtmagyna görä, hüjümler bir hepde bäri dowam edýär, "ýöne bu hüjüm soňky günlerdäkilerden has güýçli" bolupdyr.

Ylalaşyklaryň gowşamagy

Türk serhediniň takmynan 50 kilometr günortasynda ýerleşýän Halap şäheriniň bir bölegi hökümetiň elinde. Onuň beýleki bölegine hem Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady agdarmak ugrunda söweşýän gozgalaňçylar kontrollyk edýärler.

Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň araçylygy bilen fewral aýynda atyşyklary bes etmek barada ylalaşyldy. Ýöne bu ylalaşyk soňra gowşap ugrady. Muňa hem ilkinji nobatda sebäp bolan Halapda barýan söweşler we bu şäheriň häli-şindi bombalanmagy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi tarapyndan 21-nji maýda çykarylan bir beýannamada gözgalaňçylar töwerekdäki etraplara raketa atanlykda günälenýär. Beýannamada bu işi eden “Al-Nusra fronty” diýilýär. Atyşyklary bes etmek ylalaşygy “Al-Nusrany” öz içine alanok.

"Erkin Siriýanyň goşuny" atly topara degişli gozgalaňçylar bolsa Halapda “Al-Nusranyň” adamlary ýok, bolsa-da gaty az diýýärler.

Hüjüm togtamasa, ylalaşyk bolmaz

Siriýanyň esasy gozgalaňçy toparlary 22-nji maýda hökümetiň goşuny özleriniň Damaskyň etegindäki pozisiýalaryna hüjüm etmegi 48 sagadyň içinde togtatmasa, atyşyklary bes etmek barada Birleşen Milletler Guramasynyň tagallasy bilen gelnen ylalaşygy ýerine ýetirmejekdiklerini aýtdylar.

Gozgalaňçy toparlaryň 40-a golaýyna wekilçilik edýän "Erkin Siriýanyň goşuny" bir beýannamada Siriýa hökümeti bilen onuň ýarany Liwanyň Hizballah güýçleriniň söweşijileri hüjümlerini iki günüň içinde bes etmeseler, duşmançylygy soňlamak ylalaşygyna özüniň "bütinleý çöken" diýip, garajakdygyny bildirdi.

Bilelikde çykarylan beýannamada goşunyň Damaskyň, Halabyň we Idlib welaýatynyň etraplaryna dowamly hüjüm etmeginiň parahatçylyk ugrundaky tagallalara howp salýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG