Sepleriň elýeterliligi

'Talyban' lideriniň Eýran bilen ilteşigi barmy?


Owganystanyň "Talyban" lideriniň öňe sürülýän pakistan pasporrty.

Owganystanyň "Talyban" lideriniň öňe sürülýän pakistan pasporrty.

"Talyban" hereketiniň lideri Molla Ahtar Mohammad Mansuryň Birleşen Ştatlaryň dron zarbasy bilen günorta-günbatar Pakistanda öldürilmegi Yslamabat bilen Owganystanyň "Talyban" güýçleriniň arasynda köp wagt bäri dowam edýän ýaşyryn ýaranlyga ünsi çekdi.

Ýöne konserwatiw sünni pitneçi hereketiň Eýranda häkimiýete eýe ruhanylar bilen bolan dostlukly gatnaşyklaryna köp üns berilmedi.

Bir ynamdar owgan çeşmesi Azatlyk Radiosynyň "Gandhara" websaýtyna Mansuryň 21-nji maýda Eýrandan dolanyp gelendigini, şol güni öýleden soň hem nyşana alnandygyny tassyklady.

Mansur bilen onuň sürüjisi Ahmad Wal şäherçesiniň eteginde Pakistanyň günorta-günbatar Bulyjystan welaýatynyň merkezi bolan Kwettany Eýrana birikdirýän esasy ýolda öldürildi. Ahmad Walyň Pakistan bilen Eýranyň arasyndaky serhet geçelgesi Taftan bilen aralygy takmynan 500 kilometr, awtoulag bilen 5 sagatlyk ýol.

Derňew işleri

Pakistanyň habar serişdeleriniň bildirmegine görä, öldürilen ýolagçylaryň biriniň ýanyndan Pakistan pasporty çykypdyr. Bu adamyň ady Wali Muhammad. Owganystanly çeşme Muhammad Mansuryň lakamy diýýär. Pasportdaky surat hem Mansura çalym etmän duranok.

Pakistanyň resmileri häzir pasport we sürüji bilen birlikde dron zarbasynda ölen beýleki ýolagçy barada derňew işlerini geçirýärler.

Pakistanyň "ARY News" telekanaly sürüjiniň kimdiginiň anyklanandygyny habar berdi. Aýdylyşyna görä, onuň ady Muhammad Azam. Ol öz ulagynda Taftan bilen Kwettanyň aralygynda adam gatnadypdyr.

Ýurduň özbaşdaklygynyň bozulmagy

Ýöne Yslamabad Birleşen Ştatlaryň Mansury öldürendigine ynanylýan dron zarbasyny tankytlady. Pakistanyň Daşary işler ministrligi 22-nji maýda çykaran bir beýannamasynda dron zarbasyny ýurduň özbaşdaklygynyň bozulmagy diýip atlandyrdy.

"Pakistan pasportly Şah Muhammad ogly Wali Muhammad atly bir adam Eýrandan Taftan serhedinden Pakistana girdi" diýip beýannamada bellenýär. "Onuň pasporty hem Eýran wizasy hakyky".

Owganystanly çeşme Tähran bilen Mansuryň ýolbaşçylygynda owgan "Talybanynyň" arasyndaky gizlin hyzmatdaşlygyň güýçlenmegine sebäp bolan "Yslam döwleti" atly toparyň 2015-nji ýylyň başlarynda Owganystanda peýda bolmagy diýýär.

"Munuň esasy sebäbi 'YD-niň' peýda bolmagy. Ýöne Eýranyň Owganystanda başga bähbitleri-de bar. Talybana täsir edip bilse, näme üçin etmesin?"

Eýrana we Orsýete ýykgyn etmek

Owganystanly çeşmäniň bellemegine görä, Tähran "Talybany" özüniň regional bäsdeşi Saud Arabystanynyň ýakyn ýarany bolmagyny islänok. "Eýranyň Talyban bilen bolan gatnaşygy Tähranyň ähli mümkin oýunlaryna we strategiýasyna laýyk gelýär".

Owganystanly çeşmeler 2014-nji ýylda NATO-nyň missiýasynyň soňlanmagy netijesinde Owganystanda oba ýerlerinde köp regionlary eýelän "Talyban" güýçleriniň maliýe taýdan Pakistana garaşlylykdan dynmak üçin Eýrana we Orsýete ýykgyn edýändigini aýdýarlar.

Dogrudan hem "Talyban" güýçleri Owganystanyň Eýran bilen serhetdeş welaýatlarynda ýa Eýran serhedine ýakyn ýerlerde "Yslam döwleti" toparynyň birikmelerini dargatdylar.

Ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň ýol salgy bermegi

"Talybanyň" Yslamabad bilen bolan gatnaşyklary bolsa bu aralykda ýaramazlaşdy. Pakistanyň premýer-ministriniň daşary işler boýunça geňeşçisi Sartaj Aziziň mart aýynda Yslamabad "Talybana" belli bir derejede täsir edýär. Sebäbi olaryň ýolbaşçylary Pakistanda diýmegi köp adamlary geňirgendirdi.

Owgan resmileri şonda "Talyban" güýçleriniň öz territoriýasyndadygyny inkär edýän Pakistan indi bu owgan pitneçilerine kontrollyk edýändigini tassyklajak bolýar, sebäbi olar [Talyban] indi Yslamabadyň elinden çykyp barýar diýdiler.

Ýagdaýa ýetik çeşmeleriň käbiri Mansuryň Pakistanda öldürilmegi ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň ýol salgy bermegi netijesinde bolandyr diýip çak edýärler.

Owganystanly çeşme Mansuryň Bulyjystanda öldürilmeginde Pakistan Waşingtona kömek edene meňzeýär diýýär.

Onuň çaklamagyna görä, Pakistanyň aňtaw gullugy muny Amerikadan F-16 söweş uçarlaryny we beýleki ýardamlary almak, umuman, Waşingon tarapdan edilýän basyşlary ýeňletmek üçin edipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG