Sepleriň elýeterliligi

Eýran internet azatlygyny goraýjysynyň tussaglygyny boýun aldy


Eýranda ýitirim bolan Nizar Zakka

Eýranda ýitirim bolan Nizar Zakka

Eýran ABŞ-nyň hemmişelik ýaşaýjysy bolan internet azatlygyny goraýjysyny tussag edendigini ilkinji gezek boýun aldy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Hossein Jaberi Ansari Eýranyň sentýabr aýynda Tähranda hökümet tarapyndan maliýeleşdirilen konferensiýa gatnaşmagyndan soň ýitirim bolan Liwanyň raýaty Nizar Zakkanyň işini "tizleşdirmäge çalyşjakdygyny” aýtdy.

Oňa garşy iş gozgalandygy barada yglan edilmedik hem bolsa, Eýranyň mediasy ony amerikan içalysy bolmakda aýyplady. Nizar Zakkanyň maşgalasy we hossarlary aýyplamalary ret edýärler.

Zakkanyň maliýe bähbit aramaýan toparynyň ABŞ-nyň hökümetinden 730 müň amerikan dollary möçberde pul alandygyny AP agentligi habar berdi.

Zakkanyň maşgalasy onuň boşadylmagyny sorap, ABŞ-nyň hökümetine basyş edýär.

Olar Zakkanyň Eýrana “ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň rugsady bilen sapar edendigini we saparyň grantlaryň hasabyna maliýeleşdirilendigini” aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG