Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ukrainadaky konflikt maslahat edildi


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

Orsýetiň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Ukrainanyň liderleri gündogar Ukrainadaky konflikti çözmegiň ýollary barada 24-nji maýda telefon arkaly gepleşik geçirdiler.

Kreml Orsýetiň orsýetçi separatistler bilen “koordinirlenen” teklipleri, şol sanda Donbas regionynda saýlawlary geçirmek we konfliktde söweşe gatnaşanlar üçin amnistiýany amala aşyrmak çärelerini öňe sürendigini habar berdi.

Liderleriň telefon gepleşiginiň yzýany ýaýradan bilelikdäki beýannamasynda taraplar “Minskde baglaşylan parahatçylyk ylalaşygyny berjaý etmek borçlaryna eýermek we özleriniň ony doly hem mümkin boldugyndan tiz berjaý etmek niýetini mälim etdiler”, diýip Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollandyň edarasy aýtdy.

Kreml liderleriň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) missiýasyna goşmaça ygtyýar bermek meselesini hem maslahat edendigini habar berdi.

2015-nji ýylyň fewral aýynda Fransiýanyň we Germaniýanyň araçylygynda gelnen ylalaşyk gündogar Ukrainadaky konfliktde söweşleri gowşatmaga ýardam berdi, emma çaknyşyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar we syýasy çözgüt tapmak boýunça tagallalar petige direlýär.

XS
SM
MD
LG