Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa partlamalarda Türkiýäni, Katary, Saud Arabystanyny aýyplady


Awtobus stansiýasynda bolan partlamanyň netijesi, Tartus, 23-nji maý, 2016
Awtobus stansiýasynda bolan partlamanyň netijesi, Tartus, 23-nji maý, 2016

Siriýanyň hökümeti prezident Başar al-Assadyň režiminiň galasy hasaplanýan şäherlerde bolan adam pidaly partlamalarda Türkiýäni, Katary we Saud Arabystanyny aýyplady.

Döwlet mediasynyň maglumatyna görä, Daşary işler ministrliginiň BMG ýollan hatynda 23-nji aýda Tartus we Jableh şäherlerinde bolan partlamalar “Riýadyň, Ankaranyň we Dohanyň ekstremist we bet niýetli režimleriniň tasirini güýçlendirmeginiň netijesidir”, diýip bellenipdir.

154 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

Türkiýe, Katar we Saud Arabystany Siriýada dürli gozgalaňçy toparlara goldaw berýärler.

Tartus we Jableh şäherleri Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri dowam edýän we azyndan 270 müň adamyň ölümine sebäp bolan söweşlerden belli bir derejede çetde galypdy.

XS
SM
MD
LG