Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Partlamada 11 adam wepat boldy


Howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerini barlaýarlar, Kabul, 25-nji maý, 2016.

Howpsuzlyk güýçleri partlamanyň bolan ýerini barlaýarlar, Kabul, 25-nji maý, 2016.

Owganystanyň paýtagty Kabulyň günbatarynda sudyň işgärlerini alyp barýan awtoulaga janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan hüjümde 11 adam wepat boldy we dört adam ýaralandy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Najib Danişiň aýtmagyna görä, hüjümçi partlaýjy serişdeli keltekçesini awtoulagyň deňinde geçen wagtynda 25-nji maýda irden adamlaryň köp bolan pursadynda partladypdyr.

Partlamada suduň işgärleri we ýerli ýaşaýjylar heläk bolupdyr.

“Talyban” hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu partlama ABŞ-nyň sürüjisiz uçarynyň hüjüminde öldürilen Molla Ahtar Mansuryň ýerine guramanyň täze lideriniň saýlanmagy baradaky habaryň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG