Sepleriň elýeterliligi

Sawçenko Kiýewe bardy


Ewgeniý Erofeýew (çepde), Nadežda Sawçenko we Aleksandr Aleksandrow

Ewgeniý Erofeýew (çepde), Nadežda Sawçenko we Aleksandr Aleksandrow

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýetde tussaglykda saklanan ukrainaly pilot Nadýa Sawçenkony alyp baran uçaryň Kiýewde gonandygyny aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda Sawçenkonyň tussag çalyşygynda boşadylandygy we Kiýewe barýan uçara münendigi habar berilipdi. .

Orsýetiň RT telekompaniýasynyň ady agzalmadyk çeşmä salgylanyp, 25-nji maýda habar bermegine görä, Sawçenko bilen çalyşylan iki orsýetli tussag hem boşadylyp, Moskwa barýan uçara mündürilipdir.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň edarasy gysga wagtda resmi beýannama ýaýratjakdygyny aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda orsýetlileriň biriniň aklawçysy Oksana Sokolowskaýa “Mende bar bolan resmi bolmadyk maglumat şu gün günä geçişiň we çalyşygyň boljakdygyny görkezýär” diýip habar beripdi.

Orsýet mart aýynda Sawçenkony gündogar Ukrtainada iki orsýetli žurnalistiň ölümine gatnaşmakda günäli tapyp, ony 22 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdi.

Pilot aýyplamalary ret edýär we özüniň ogurlanyp, Orsýete bikanun alnyp barylandygyny aýdýar.

Ukraina Orsýetiň iki raýaty Aleksandr Aleksandrowy we Ýewgeniý Ýerofeýewi gündogar Ukrainada orsýetçi separatisler bilen bilelikde söweşlere gatnaşmagy sebäpli 14 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edipdi.

XS
SM
MD
LG