Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Žurnalistler bileleşiginiň başlygyna garşy aýyplamalar gowşadyldy


Seitgazy Mataýew

Seitgazy Mataýew

Gazagystanyň häkimiýetleri ýurduň žurnalistler bileleşiginiň we Milli metbugat klubunyň başlygyna garşy aýyplamalary gowşatdylar, diýip adam hukuklaryny goraýjy ýerli toparlar aýdýarlar.

Almatyda ýerleşýän “Adyl Söz” atly guramanyň 25-nji maýda aýtmagyna görä, Seitgazy Mataýewe garşy ýöňkelen ogurlyk we salgytdan gaçmak ýaly aýyplamalar ýatyrylyp, ynamdan hyýanatçylykly peýdalanmak günäsine çalşyrylypdyr.

Derňewçileriň bu karara 23-nji gelendigini “Adyl Söz” aýdýar.

Fewral aýynda tussag edilen Mataýew aýyplamalary ret edýär.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Mataýewe garşy gozgalan işi onuň žurnalistler bileleşiginiň başlygy hökmünde alyp baran işi bilen baglanyşdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG