Sepleriň elýeterliligi

Pilot Sawçenko azatlyga çykdy


Ukrain prezidenti Petro Poroşenko pilot Nadia Sawçenkony alyp gelýän uçaryň Kiýew aerportynda gonandygyny aýtdy. Ol Orsýet bilen tussag çalyşmak baradaky ylalaşygyň çäginde azat edildi.

Biraz öňki habarlarda Orsýetde türmä basylan ukrain piloty Nadia Sawçenkonyň tussag çalyşmagyň çäginde azat edilip, Kiýewe barýan uçaryň bortunda oturandygy habar berlipdi.

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki RT neşiri 25-nji maýda ady aýdylmaýan çeşmelere salgylanyp, Kiýew tarapyndan saklanylýan iki sany rus tussagynyň türmeden boşadylyp, Moskwa uçurylýandygyny habar berdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň ofisi şol wagt onuň birazdan beýanat bilen çykyş etjekdigini aýtdy.

Mundan biraz öň, "Resmi bolmadyk maglumatlar şugün ol ýerde günä geçiş we tussag alyş-çalşygynyň boljagyny görkezýär" diýip, gürrüňi edilýän rus tussaglarynyň biriniň aklawçysy Oksana Sokolowska bu habary gytaklaýyn tassyklapdy.

Orsýet Sawçenkony mart aýynda, gündogar Ukrainada öldürilen iki rus žurnalistiniň ölümi bilen baglanyşykly günäli tapanyndan soň, 22 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Sawçenko bu hadysa ol ýa-da beýleki görnüşde gatnaşygynyň bardygyny inkär etdi we özüniň bikanun alnyp gaçylyp, Orsýete getirilendigini aýtdy.

Ukraina bu alyş-çalyş bilen bagly gürrüňi edilýän iki orsýetlini, Aleksandr Aleksandrow bilen Ýewgeniý Ýerofeýewiň her birine gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistler bilen bilelikde urşandyklary üçin, 14 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 25-nji maýda, iki ýyla golaý rus türmesinde saklanylandan soň,prezident Wladimir Putiniň Sawçenkonyň günäsini geçendigini aýtdy.

Şeýle-de ol Ukrainada saklanylan iki rus tussagyny alyp gelýän uçaryň Moskwa aeroportynda gonandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG