Sepleriň elýeterliligi

Hatyja Ysmaýylowa türmeden boşadyldy


Azerbaýjanyň Ýokary sudy AÝ/AR-nyň žurnalisti Hatyja Ysmaýylowanyň türmeden boşadylmagyny buýurdy, onuň 7 ½ ýyllyk türme möhleti gysgaldylyp, şertli 3 ½ ýyl tussaglyga getirildi.

25-nji maýdaky sudbu karara žurnalistiň özüne garşy çykarylan öňki hökümiň üstünden eden arz-şikaýatyny diňläninden soň geldi.

"Bu Hatyja üçin-de, ähli žurnalistler we beýleki ýerlerdäki söz azatlygy üçin-de beýik gün" diýip, AÝ/AR-nyň baş redaktory Nenad Peýiç aýtdy. "Biz Hatyjanyň we onuň maşgalasynyň begenjine özleri bilen bile begenýäris we onuň öz iş ornuna gaýdyp gelmegine sabyrsyz garaşýarys."

Ysmaýylowa 2014-nji ýylyň dekabrynda tussag edildi we 2015-nji ýylyň sentýabrynda salgytdan gaçmak,bisarpaçylyk aýyplamalarynda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edildi.

Emma günbatar hökümetleri we halkara metbugat azatlygy toparlary onuň azat edilmegine çagyrdylar.

Bu aýyplamalary köpler Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň maşgalasynyň korrupsiýa bilen ilteşigi barada ýazan derňew makalalary üçin baýrak alan žurnalistden ar alyş hasaplady.

Hatyja - wyždan ýesiridi

«Amnesty International» guramasy ony «wyždan ýesiri» diýip atlandyrdy.

Ysmaýylowa şu aýyň başynda ÝUNESKO-nyň Gilermo Kano Bütindünýä metbugat azatlygy baýragy bilen sylaglandy. Bu baýrak dünýäniň islendik ýerinde metbugat azatlygynyň goragy üçin uly iş bitiren adamlara berilýär.

“Žurnalistler sem edilende adamzat ejir çekýär» diýip, Hatyja özüne berlen baýragy kabul edende sözlemeli sözünde aýtdy, ýagny bu sözleri žurnalistiň dabara gatnaşan we gyzynyň baýragyny kabul eden ejesi Elwira Ysmaýylowa 3-nji maýda, Helsinkide aýtdy.

“Şu sebäpden käbir adamlar žurnalistleriň öldürilmegini adamzada garşy edilen jenaýat hasaplaýar. Men şu gün bu ýere ýygnananlardan meniň işimi we batyrlygymy öwmezligi, oňa derek her biriňizden özüňizi metbugat azatlygy we adalat ugrunda edip biljek işiňize bagyşlamagy soraýaryn» diýip, Hatyjanyň ejesiniň üsti bilen halkara jemgyýetçiligine ýetirilen sözünde aýdyldy.

Ysmaýylowa tussag edilmezinden öň we soň birnäçe halkara baýragyna, şol sanda 2015-nji ýylda Amerikan Galamdaşlar merkeziniň Barbara Goldsmith ýazmak azatlygy baýragyna, Milli Metbugat klubynyň John Aubuchon metbugat azatlygy baýragyna, 2012-nji ýylda bolsa halkara Aýallar media fondunyň žurnalizmdäki batyrlyk baýragyna mynasyp boldy.

Azerbaýjan «Freedom hous», ýagny «Azatlyk öýi» guramasynyň 2016-njy ýyldaky metbugat azatlygy barlagynda 199 ýurduň we territoriýanyň arasynda 189-njy orny aldy, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň 2016-njy ýyldaky metbugat azatlygy görkezijisinde bolsa«örän erbet» diýen derejäni alyp, 180 ýurduň içinde 163-nji boldy.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän «Freedom House» guramasy Azerbaýjan 80-den gowrak syýasy tussagyň bardygyny aýdýar.

Ysmaýylowa 27-nji maýda 40 ýaşaýar we halkara aktiwistleriniň koalisiýasy bu senä gabat dünýäniň dürli şäherlerinde oňa goldaw ýygnanyşyklaryny geçirmegi planlaşdyrýar.

Ysmaýylowanyň ejesi Bakuwda, Ýokary suduň kararyndan öň Azatlyk radiosyna öz gyzynyň boşadylmagyna umytlydygyny aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG