Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal futbolçynyň Mekgä zyýaraty


Mesut Özil
Mesut Özil

"Arsenal" futbol klubunyň türk ýarymgoragçysy Mesut Özil Ýewropa futbol bäsleşiginden öň dynç alşa çykyp, Mekgä zyýarata bardy.

27 ýaşyndaky futbolçy Özil bu tomus Fransiýada geçiriljek Ýewropa çempionatynda Germaniýanyň milli ýygyndy toparynyň esasy oýunçylarynyň biri bolar.

Ol öz dynç alşynda Ýakyn Gündogara eden gezelenjinde Dubaýa baryp, Iordaniýanyň siriýaly bosgunlara ýardam üçin gurnalan ynsanperwerlik maksadyna gönükdirilen futbol oýnuna gatnaşdy.

Mesut Özil Käbäniň öňünde düşen suratyny "#Mecca #HolyCity #SaudiArabia #Islam #Pray" sözbaşysy bilen Instagramda goýdy.

Germaniýaly we asly türk bolan bu tanymal futbolçy özüniň Ýakyn Gündogar sapary mahalynda Aziýada futbolyň ösdürilmegi maksatnamasynyň çäginde Iordaniýadaky Zaatari bosgunlar düşelgesine baryp, ol ýerde çagalar bilen bile futbol oýnady. Paýtagt Ammandan 80 km uzakda ýerleşýän ol düşelgede 80 müň siriýaly bosgun ýaşaýar.

Özil şeýle-de Ammanda Iordaniýanyň 17 ýaşa çenli bolan gyzlar futbol toparynyň türgenleşigine gatnaşdy. Türgenleşikden soň onuň toparyň agzalaryna öz oýnaýan "Arsenal" klubunyn sport formasyndan paýlap, olar bilen bile ýadygärlik surata düşendigi aýdylýar.

"Arsenal" bilen baglaşan häzirki şertnamasynyň möhletiniň 2018-nji ýylda gutarýandygyna garamazdan, Özil täze şertnama barasynda gepleşiklere howlukmaýandygyny aýdýar. Ol Ýewropa çempionatynyň özi üçin esasy bäsleşikdigini belleýär.

"Arsenal" tanymal futbolçy Öziliň, futbolçy hökmünde, geljekki umydyny özleri bilen baglamagyna garaşýar.

XS
SM
MD
LG