Sepleriň elýeterliligi

Pawlenskiý baýragyny tussaglara berýär


Rus hudožnigi Pýotr Pawlenskiý

Rus hudožnigi Pýotr Pawlenskiý

Rus hudožnigi Pýotr Pawlenskiý özüne döredijilik özboluşlylygy üçin berlen Waslaw Hawel halkara baýragynypolisiýa garşy tapgyrlaýyn hüjüm üçin türmä basylan erkekler toparyna bermegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Pawlenskiniň özi häzir Orsýetde deslapky tussaghanada otyr we Osloda 25-nji maýda bolan baýrak gowşuryş dabarasyna gatnaşyp bilmedi.

Baýragy onuň dosty Oksana Şaligina kabul etdi we hudožnigiň bu baýragy «Primorýe partizanlary» diýilýän topara berýändigi baradaky beýanatyny okady.

Bu topar 2010-njy ýylda Orsýetiň Uzak gündogarynda polisiýa garşy hüjüm etdi we şonda iki ofiser öldürildi. Soňra bu toparyň alty agzasyna uzak möhletli türme tussaglygy berildi.

Pawlenskiý noýabrda Moskwada Federal howpsuzlyk gullugynyň ofisiniň gapysyny otlandygy üçin jenaýatçylykda aýyplanýar.

2016-njy ýylyň Waslaw Hawel baýragy Pawlenskiý bilen bilelikde eýranly karikaturaçy Atena Farghadani, özbek fotožurnalisti Umida Akhmedowa daga hem berildi, olar bu baýragy ($42,000) özara paýlaşmaly.

XS
SM
MD
LG