Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tusk: Orsýete garşy sanksiýalar uzaldylar


G7 liderleri

G7 liderleri

ÝB Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk bloguň Orsýete garşy girizilen ykdysady sanksiýalarynyň gelýän iki-üç hepdelikde, uly bir maslahat edilmezden uzaldyljagyna «örän ynamlydygyny» aýtdy.

"Men açyk aýtmak isleýärin, biziň Orsýet baradaky pozisiýamyz, şol sanda ykdysady sanksiýalar, Minsk şertnamalary doly ýerine ýetirilýänçä saklanyp galar» diýip, Tusk 26-njy maýda, Ýediler sammitiniň Ýaponiýadaky sammitinden öň aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň bu çäreleri bes etmegine çagyryşlar edilipdi.

2014-nji ýylda, Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri sebäpli girizilen ykdysady sanksiýalaryň möhleti iýul aýynda soňlanmaly.

XS
SM
MD
LG