Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýa NATO giň elýeterlilik berýär


Belgiýa, ABŞ-nyň döwlet sekretary Lon Kerri şwed kärdeşi Margot Wallstrom bilen NATO maslahatynda. 20-nji maý, 2016.

Belgiýa, ABŞ-nyň döwlet sekretary Lon Kerri şwed kärdeşi Margot Wallstrom bilen NATO maslahatynda. 20-nji maý, 2016.

Şwesiýanyň parlamenti 25-nji maýda NATO-nyň bitarapskandinaw ýurdundamümkin bolan uruş halatlary üçin tälim maşklaryny geçirmäge has kän ygtyýarlyk bermegi sese goýdy.

Ses berişlikde goýlan sorag 291 deputat tarapyndan goldaw tapdy, 21 deputat bolsa oňa garşy boldy.

Şwesiýa NATOnyň daşyndaky ýurt, emma soňky wagtlar Orsýet bilen aradaky dartgynlyklar güýçlenensoň, ýaranlyga golaýrak geldi we Daniýa, Norwegiýa, Islandiýa ýaly NATO agzalary bilen hyzmatdaşlygy köpeldip, Owganystandaky operasiýalara gatnaşdy.

"Bu ýagdaý biziň NATO bilen gatnaşygymyzy ýa-da howpsuzlyk syýasatymyzy üýtgetmez, biz ýaranlyklara goşulmazlyk ýagdaýynda galarys» diýip, Şwesiýanyň goranmak ministri Piter Hultkwist aýtdy.

«Eger-de biziň özümiz çagyrmasak, şwed topragyna NATO esgeri aýak basmaz» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şwesiýanyň NATO golaýlamagy eýýäm Moskwanyň gaharyny getirdi. Daşary işler ministri Sergeý Lawrow aprelde «Dagens Niheter» gazetine, eger Şwesiýa NATO goşulsa, Orsýetiň hem zerur çäreleri görjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG