Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa energiýa kynçylygyna uçraýar


Orli aerporty
Orli aerporty

Fransiýa, atom elektrik stansiýalarynyň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, portlaryň we transport işgärleriniň planlaşdyrylan hökümet reformalaryna garşy iş taşlamagy netijesinde, energiýa üpjünçiliginiň has kän kesilmek howpuna uçraýar.

26-njy maýda, atom elektrik stansiýalarynyň profsoýuz guramalary iş taşlaýyşa goşulmaga ses berenlerinden soň, ýadro reaktorlarynyň elektrik öndürijiligi azyndan 5 gigabaýt aşak gaçdy.

Hökümet 25-nji maýda, nebit zawodlary soňky hepde ýangyç üpjünçiliginiň arasyny kesenlerinden soň, ýurduň strategiki ýangyç ätiýaçlyklaryna el urmaly bolandygyny yglan etdi.

Parižiň Orli aeroporty uçar gatnawyny 15 prosent kemelden bolsa, otly sürüjileriniň iş taşlamagy transport hyzmatyna has kän zyýan ýetirer öýdülýär.

Profsoýuz guramalary prezident Frasua Ollandyň zähmet kanunlaryny üýtgetmek, artykmaç iş üçin tölegi azaltmak, işçileri işden çykarmagy aňsatlaşdyrmak planlaryna garşy protest bildirýärler.

XS
SM
MD
LG