Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

120-den gowrak ýazyjydan Müsüriň prezidentine hat


Müsürli aktiwistler prezident Abdel Fattah al-Sisä garşy şygarlary gygyrýarlar. Kair.
Müsürli aktiwistler prezident Abdel Fattah al-Sisä garşy şygarlary gygyrýarlar. Kair.

Dünýäniň 120-den gowrak tanymal ýazyjysy, film režissýorlary we suratkeşleri Müsüriň prezidentine hat üsti bilen ýetiren ýüzlenmesinde žurnalist Ahmet Najiniň azatlyga çykarylmagyny talap etdiler.

Ol "jynsy mazmunly roman ýazandygy üçin" azatlykdan mahrum edilipdir.

"PEN America" guramasynyň taýýarlan hatyna gol çekenleriň arasynda ýazyjylar Philip Rothyň, Chimamanda Ngozi Adichiniň, Dave Eggersiň, Patti Smithiň, şeýle-de kinorežissýorlar Woody Allen, kompozitor Stephen Sondheimiň atlary bar.

Hatda prezident Andel Fatah al-Sisä ýüzlenilip, Najä ýöňkelen aýyplamalaryň goýbolsun edilmegi, Müsüriň Jenaýat kodeksiniň ýazyjylaryň we sungat işgärleriniň azatlygyny çäklendirýän 178-nji maddasyna düzeldiş girizilmegi soralýar. Naji şol madda esasynda bu ýylyň fewral aýynda iki ýyl zatlykdan mahrum edildi.

Adyny bermekden saklanan bir adamynyň arza bermeginden soň Najiniň garşysyna jenaýat işi gozgalypdyr. Ol raýat Najiniň "The Use of Life" (Durmuşyň pursatyndan peýdalanmak) atly döwletiň resmi metbugatynda çap etdiren romanynyň özüniň "ýüregini agyrdandygyny" ýazyp, arz-şikaýat edipdir.

Najiniň Müsürdäki aklawçylarynyň öňe sürmegine görä, onuň tussag edilmeginiň syýasy sebäbi bar. Ol aslynda Sisiniň režimindäki korrupsiýa hakda makalalar ýazypdy we onuň şu sebäpli tussag edilendigi çaklanylýar.

Müsürde geçen ýyl 23 žurnalist azatlykdan mahrum edilipdir. Golaýda hem žurnalistlere garşy aňtaw işleri geçirilipdir. Žurnalistleriň hak-hukugyny goraýan guramalaryň ýazmagyna görä, Müsür indi iň köp žurnalisti azatlykdan mahrum eden ýurtlaryň hatarynda Hytaýdan soň ikinji orunda durýar.

Geçen ýyl bolsa Müsürde medeniýet merkezleri ýapyldy we Kairiň tanymal amaly-haşam galeriýalary hem petiklenip, birnäçe suratkeş we kinorežissýor tussag edildi.

XS
SM
MD
LG