Sepleriň elýeterliligi

“Euromonitor” atly barlag merkeziniň geçiren pikir soralyşygyna görä, Özbegistan dünýädäki iň çaýsöýer, ýagny çaýkeş ýurt diýlip yglan edildi.

Özbegistanlylaryň ýüzden 99,6 göterimi alkagolsyz gyzgyn içgileriň arasynda birinji orny çaýa beripdir.

"Çaýmy ýa-da kofe? Haýsy ýurt näme içmäni halaýar?" atly pikir soralyşykda Özbegistanyň ilaty dünýäde çaýy iň halaýanlaryň arasynda birinji, kofe içýänleriň arasynda-da iň soňky orunlaryň birinde durýar.

Sanawyň başyny çekýän çaýsöýer on ýurduň arasynda Özbegistan bilen bir hatarda Keniýa (99,2%), Azerbaýjan (99,1%), Pakistan (99%), Hytaý (98,9%), Müsür (98,5%), Marokko (96,1%), Gazagystan (95,6%), Nigeriýa (96,4%) we Hindistan (89%) ýaly döwletler ýer aldylar.

Pikir soralyşygyň netijesinden mälim bolşuna görä, iň kofesöýer adamlar Gwatemalada (99,6%), Dominikan respublikasynda (99,5%), Braziliýada (97,4%), Ekwadorda (97,4%) we Kosta-Rikada (96,9) ýaşaýarlar.

Barlagyň awtorlarynyň bellemegine görä, Aziýa kontinenti çaýkeş milletleriň başyny çekýär. Ýöne çaýkeşlik häzirki wagtda Latyn Amerikasynda hem barha giňden ýaýbaňlanýar.

Jemleýji netijä görä, dünýäniň ilatynyň aglaba köpçüligi kofeden çaýy has gowy görýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG