Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde ‘türkmenistanly ekstremist tutuldy’


Russiýanyň polisiýasy

Russiýanyň polisiýasy

Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde Interpol tarapyndan ekstremizmdäki aýyplamalar esasynda gözlenilýän Türkmenistanyň raýaty tussag edildi diýip, rus habar serişdeleri maglumat berýärler.

Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Sankt-Peterburg şäheri we Leningrad oblasty boýunça Baş uprawleniýesiniň 25-nji maýda habar bermegine görä, 23-nji maýda “Nauka” prospektiniň 14/1 jaýynda merkezi aziýa döwletleriniň biriniň raýaty tussag edildi.

Interpolyň Milli merkezi býurosynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilen operasiýanyň dowamynda, öz ýurdy tarapyndan halkara gözlege berlen 33 ýaşly adam saklandy.

Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, tussag edilen kişi Sankt-Peterburgyň hususy çörekhanalarynyň birinde çörekçi bolup işleýän eken.

Ol öz ildeşlerini bu ýere işe ýerleşdirip, olara radikal dini pikirleri wagyz edipdir. Işe alnanlar hem öz gezeginde, soňy bilen bu pikirleri öz ýurduna ýaýratmaly ekenler.

Tussag edilen Sankt-Peterburgyň Kalinin raýonynyň polisiýa bölümine eltildi.

Resmi maglumatda aýyplanýanyň ele salnandygy bilen ony halkara gözlege beren ýurduň habarly edilendigi aýdylýar.

Emma Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Sankt-Peterburg şäheri we Leningrad oblasty boýunça Baş uprawleniýesiniň maglumatynda tussag edileniň şahsyýeti aýan edilmeýär. Onuň Merkezi Aziýanyň haýsy ýurdundan gelendigi hem aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şol bir wagtda-da Russiýanyň “Westi.ru” neşiri tussag edilen bu adamynyň Türkmenistanyň raýatydygyny anyklamagyň başardandygyny ýazýar.

Habar serişdesiniň maglumatyna görä, Türkmenistanda bu adama ýurduň Jenaýat kodeksiniň 177-nji maddasy, ýagny sosial ýa-da dini duşmançylygy döretmekde aýyplama bildirilýär.

Azatlyk Radiosy rus habar serişdesiniň maglumatyny Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Sankt-Peterburg şäheri we Leningrad oblasty boýunça Baş uprawleniýesine tassykladyp bilmedi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem bu iş boýunça nähilidir bir kommentariý bermekden saklandy.

XS
SM
MD
LG