Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-Gazagystan: ýeňillikli wiza düzgüni durzuldy


Türkmenistanyň serhet resmileri.

Türkmenistanyň serhet resmileri.

Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýynça ýatyrdy diýip, iki ýurduň arasyndaky “Temir-baba” serhet geçelgesindäki gazak Serhet gullugynyň jogapkär resmisi Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Adynyň efirde tutulmazlygyny soran bu serhet resmisi 26-njy maýda telefon arkaly beren maglumatynda iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgüniniň 24-nji maýdan başlap güýje girendigini we onuň 29-njy maýa çenli dowam etjekdigini belledi.

Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň ilaty Gazagystanyň Atyrau we Maňgyşlak welaýatlaryna, Gazagystanyň agzalan welaýatlarynyň ilaty-da Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş günüň dowamynda wizasyz sapar edip bilýärler.

Prezidentiň etjek sapary

Gazak resmisi ýeňillikli wiza düzgüniniň ýatyrylmagynyň sebäpleriniň gazak tarapy bilen arabaglanyşygynyň ýokdugyny aýdyp, “ýurduň [Türkmenistanyň] ýokary derejeli ýolbaşçylary, ýagny prezident, ministrler Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhedindäki welaýatyna sapar edenlerinde, adatça, türkmen häkimiýetleri ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýyn ýatyrýarlar” diýdi.

Emma ol bu barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Şol bir wagtda-da Gazagystanyň käbir neşirleri türkmen-gazak araçägindäki ýeňillikli wiza düzgüniniň wagtlaýynça ýatyrylmagyny türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Balkan welaýatyna edýän sapary bilen baglanyşdyrýarlar.

Howpsuzlyk çäreleri "güýçlendirilýär"

Gazagystanyň “Newskaz.kz” internet neşiriniň ýurduň Maňgyşlak oblastynyň döwlet girdejileri boýunça departamentiniň metbugat wekiline salgylanyp berýän maglumatynda: “Türkmenistan ýurduň ýolbaşçysynyň serhet etraplaryna etjek sapary bilen baglanyşykly araçäkdäki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär. Şu sebäpli Türkmenistan 29-njy maýa çenli daşary ýurt raýatlarynyň “Temir-baba” serhedinden geçmegini wagtlaýynça duruzýar” diýip ýazýar.

Gazagystanyň Türkmenistan bilen aradaky “Temir-baba” serhet geçelgesiniň jogapkär işgäri bu çäklendirmäniň diňe iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgünine degişlidigini aýdyp, Türkmenistana wizasy barlaryň türkmen topragyna geçip bilýändigini belledi.

Wiza düzgüni wagtal-wagtal ýatyrylýar

Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtal-wagtal ýatyrýar. 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda hem gazak serhet resmileri Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgüniniň Türkmenistan tarapyndan wagtlaýynça ýatyrylandygyny we munuň Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna edýän sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdypdylar.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky araçägiň uzynlygy 379 kilometre barabar. Gazak-türkmen araçäginden garşylykly tarapa “Temir-baba” awtoulag gümrük nokadyndan we “Boşalak” demirýol gümrük nokadyndan geçip bolýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG