Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: “Talybanyň” ýowuzlygy dowam eder


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “Talyban” hereketiniň owgan hökümeti bilen “ýakyn geljekde” ýaraşyk gepleşiklerine başlajaga meňzemeýändigini aýtdy.

Obama “Gysga möhletde biz ‘Talyban’ [öňki] gazaplylygy, ýolugry bomba ýarmalaryny, günäsiz adamlary öldürmegini we eýýäm 15-20 ýyl bäri alyp barýan şuňa meňzeş çärelerini dowam etdirer diýip çaklaýarys” diýdi.

Barak Obama bu barada 26-njy maýda Ýaponiýada geçýän G-7 sammitiniň çäginde çykyş etdi. “Talyban” hem munuň öňüsyrasynda molla Haibatullah Ahundzadany özüniň täze baştutany diýip yglan etdi.

“Mende ‘Talybanyň’ başyna demokratik bir lider geçer diýen çaklama ýokdy. Bu gurama Owganystanda öz maksatlaryna ýetmek üçin gazaplylygy baş gural hökmünde ulanýar. Owganystanda demokratik ýol bilen saýlanan hökümet bar we biz ony goldaýarys. Biz bu ýurtda konstitusion we demokratik prosesleriň saklanyp galmagyny isleýäris. Biz ‘Al-Kaýda’, indi bolsa ‘Yslam döwleti’ ýaly toparlaryň [bu ýurtda] ornaşyp, soňra-da olaryň ABŞ-a hüjüm etmeginiň öňüni almak üçin, terrora garşy göreşiň platformalaryny saklap galmagy başardyk”.

Obama sözüni dowam etdirip, şeýle diýdi: “Talyban” belli bir pursatda ýurdy agdaryp bilmejekdigine göz ýetirip, owgan resmileri bilen gepleşige başlamagyň zerurdygyna göz ýetirer. Men munuň amala aşjakdygyna garaşmasam-da, muňa umyt baglaýaryn. Meniň pikirimçe, eger-de bu bolaýsa, onda ABŞ we dünýä jemgyýetçiligi muny goldar. Emma men bu ýakyn geljekde bolar öýdemok”.

Ýeri gelende ýatlatsak, “Talybanyň” ozalky lideri molla Ahtar Mansur geçen hepde ABŞ-nyň Pakistanda amala aşyran howa zarbasynyň netijesinde öldi.

Mansur “Talybanyň” lideri diýlip 2015-nji ýylyň iýulynda, ýagny owgan hökümeti “Talybanyň” ruhy lideri molla Mohammad Omaryň Pakistanyň port şäheri Karaçide iki ýyl şondan ozal ölendigini tassyklanyndan soň jar edildi.

Emma “Talybanyň” komandirleriniň käbiriniň ony ykrar etmekden boýun gaçyrmagy netijesinde, toparyň içinde ýolbaşçylyk oňşuksyzlygy başlandy.

“Talyban” Owganystanda berk yslam kanunlarynyň ornaşdyrylmagy esasynda häkimiýet başyna gelip, onuň häkimligi tä 2011-nji ýylyň sentýabrynda ABŞ-a hüjüm edilip, soňra-da Amerikanyň baştutanlygynda bu ýurda halkara harby güýçler salnyp, häkimiýetden agdarylýança dowam etdi.

XS
SM
MD
LG